(Tymsal)

Birwagtlar öz bagynda nar ösdürip ýetişdirýän bir bagban bar eken. Ol güýzde narlaryny öýüniň öňünde kümüş mejimeleriň üstünde goýup, gapdalynda-da şeýle ýazgy goýupdyr: «Birini alyň, öwezine hiç zat gerek däl, noş bolsun!».
Emma adamlar üns hem bermän, mejimeleriň deňinden geçip duranmyşlar. Narlara el uzadýan ýok diýýär. Bagban uzak oýlanyp, ertesi güni narlaryny öýüniň öňünde kümüş mejimelerde goýmaýar. Ol diňe uly harplar bilen ýazylan ýazgyny gapysynyň agzyndan asýar: «Bu jelegaýlarda ösdürilip ýetişdirilýän narlaryň iň gowulary şu howludadyr. Ýöne olaryň nyrhy has gymmatdyr».
Şondan soň, ol ýeriň ýaşaýjylary nar satyn almak üçin howla tarap eňip ugrapdyrlar.

Mugt berlen zadyň gadyry bolmaz.