Saz ynsan ruhuny belende göterýän, parahatçylygyň melhem şuglasy bolup, kalplara ornaşýan gudratly sungatdyr. Türkmen halkynyň çuňňur aýdym-saz sungaty, özboluşly medeniýeti we sungaty bar. Bu ugurda Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi sungatyň belent sarpalanmasydyr.
Bagşyçylyk sungatyny dowam etdirýän türkmen sungat ussatlary halkara festiwallara gatnaşyp, ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler. Golaýda, türkmen bagşylary Özbegistanyň gadymy Hywa şäherinde bagşyçylyk sungaty boýunça IV halkara festiwalyna gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldular. Bu festiwala dünýäniň 40 döwletinden 200-e golaý bagşy gatnaşdy.
Ýurdumyzyň wekilleriniň şeýle giň gerimli festiwallarda baýrakly orna mynasyp bolmagy türkmeniň bagşyçylyk sungatynyň gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli sungatdygyny ýene-de bir gezek aýdyňlygy bilen görkezdi.
Humaý NURYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.