Kolumbiýanyň paýtagty Bogotada halkara kitap sergisi geçirilýär. 36-njy gezek geçirilýän sergä Braziliýa hormatly myhman ýurt hökmünde gatnaşýar. Sergi meýdançasynda Braziliýanyň Prezidenti Lula Da Silwanyň Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawa Petro sowgat beren, meşhur futbolçy Peläniň kolumbiýaly ýazyjy Gabriel Garsiýa Markesi gujaklap duran suratynyň nusgasy ýerleşdirildi. Sergä 25 ýurtdan 160-dan gowrak neşirýat gatnaşýar. Serginiň esasy temasy ekoulgamyň goralmagy bilen baglydyr. Her ýyl geçirilýän sergi iki hepde dowam edip, medeni çärä neşirýat kärhanalary, kitaphanalar, ýazyjylar gatnaşýar. Bu ýerde okyjylar kitaplaryň awtorlary bilen duşuşmaga hem mümkinçilik alýarlar. 25-nji aprelde öz işine başlan sergi 11-nji maýa çenli dowam edýär.
Resul HOJABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Bagtyýarlyk etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.