Her ýylyň bahar we güýz aýlarynda däbe öwrülen bag ekmek çäresiniň geçirilmegi ýurdumyzyň gözel tebigatyny has-da gözelleşdirýär, howamyzyň tämiz bolmagyny üpjün edýär.
8-nj noýabrda tutuş ýurdymyzda, şol sanda welaýat derejesinde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Bitaraplyk şäherçesiniň çäginde bag ekmek möwsümi badalga aldy. Bu il-ýurt bähbitli zähmet çäresine ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli raýatlarymyz uly ruhubelentlikde gatnaşyp ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine, tokaý zolaklarynyň döredilmegine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şu mynasybetli bu ýerde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi giňden ýaýbaňlandyryldy. Çäräniň geçiriljek ýeri toý lybasyna bürenip, bu ýere ýygnananlarda ruhubelentlik duýgylaryny, ata Watana bolan söýgüsini has-da artdyrdy. Çäräniň geçiriljek ýerinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda ýetilen sepgitleri giňden açyp görkezýän dürli görnüşli sergileriň ýaýbaňlandyrylmagy, welaýat medeniýet bölüminiň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary çäräniň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy. Welaýatymyzyň tanymal aýdymçylary ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini, gözel tebigatymyzy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň rowaç işlerini wasp etdiler.
Indi ençeme ýyldan bäri nahal ekmek çäresiniň yzygiderli geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy barha gowulanýar, gözel tebigatymyz has-da gözel keşbe girýär. Demir we gar ýollaryň, edara-kärhanalaryň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň töweregini bezeýän gür agaçlyklary, ýaşyl zolaklary, gül-gülzarlyklary göreniňde, munuň şeýledigine aýdyň göz ýetirýärsiň. Bu tokaý zolaklary kömürturşy gazyny özüne siňdirip köp mukdarda kislorody bölüp çykarýar. Bu bolsa howamyzyň arassa bolmagyny üpjün etmek bilen, ynsan saglygyna-da oňyn täsir edýär.
Köpçülikleýin bag ekmek çäresiniň dowamynda saýaly agaçlar bilen bir hatarda miweli agaçlaryň, üzüm, tut nahallarynyň ekilmegine-de aýratyn uly üns berilýär. Munuň özi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine ýardam edýär. Bereketli türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän miwe önümleri ýokumlylygy, tagamy bilen aýratyn tapawutlanýar.
Ýurdumyzda gadymdan bäri agaç nahallaryny oturdýan adama uly sarpa goýulýar. Türkmeniň görnükli şahyry Gara Seýitliýew:
Dünýeden hiç kimse ötmesin bikär,
Hiç bolmanda bir agaç eksin ýadygär.
Kim-de kim bir agaç ekse ýadygär,
Dünýäň kitabynda onuň ady bar –
diýip, belläp geçýär. Hakykatdan hem her bir ynsan ýaşan döwründe il-halka, ata Watanyna peýdaly işleri etmelidir. Agaç ekmek dowamatlylykdyr, tebigatyň täsin bir gözelligine özboluşly gözellik çaýmakdyr. Köneürgenç etrabynda hem bagbançylyk işi bilen meşgullanyp ata-baba kesp kärlerini mynasyp dowam etdirýän bagbanlar näçe diýseň bar. Bu bagbanlar her ýyly bag meýdanlaryny giňeltmek, müňlerçe düýp dürli görnüşli nahallary taýýarlamak işlerini ýokary guramaçylyk derejesinde alyp barýarlar. Şeýle hem köp iş ýyllyk tejribeli halypa bagbanlar halypa-şägirtlik ýoluny hem dowam etdirýärler. Halypa bagbanlar ýaş bagbanlara nahallary oturtmak, olara ideg etmek, nahallary sapmak ýaly bagbançylygyň inçe tärlerini öwredýärler.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.
PDF









