Äh­li­halk bag ek­mek dabarasy adam­za­dyň aba­dan we pa­ra­hat ýa­şaý­şy üçin Ze­mi­niň aba­dan­çy­ly­gy­ny, daş­ky gur­şa­wyň go­rag­ly­ly­gy­ny, eko­lo­gik de­ňag­ram­ly­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Tu­tuş ýur­du­myz­da şeý­le uly äh­mi­ýe­te eýe bo­lan eko­lo­gik çä­re – ýaz­ky äh­li­halk bag ek­mek möw­sü­mi baş­lan­dy.
Hal­ky­myz­da «Ba­gym bar – bos­sa­nym bar», «Bag – Ze­mi­niň zy­na­ty», «Bir na­hal ek­seň, ýa­şyň ba­ky» di­ýen ýa­ly en­çe­me ýör­gün­li jüm­le­ler bar. Bu jüm­le­ler bag­la­ryň, ba­gy-bos­san­ly­gy dö­ret­me­giň äh­mi­ýe­ti­ni be­ýan ed­ýär. Şo­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zy ba­gy-bos­san­ly­ga öwür­mek ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­lar buý­san­ja my­na­syp­dyr.
Bil­şi­miz ýa­ly, asyl­ly däp­le­re eýe­ri­lip, ýur­du­myz­da her ýy­lyň ýa­zyn­da we güý­zün­de äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­la­ry ge­çi­ril­ýär. Jem­gy­ýe­ti­mi­ziň dür­li gat­lak­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň – bag­ty­ýar il­deş­le­ri­mi­ziň ag­zy­bir­lik­de gat­naş­ma­gyn­da toý ru­hun­da ge­çi­ril­ýän şol da­ba­ra­lar bag ek­mek möw­süm­le­ri­ne ba­dal­ga bol­ýar.
Ge­çen ýyl­lar­da Aş­ga­ba­dyň etek­le­rin­de, Arkadag şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň çäk­le­rin­de mil­li­on­lar­ça düýp agaç na­hal­la­ry otur­dyl­dy. Bu gün bar­ha boý al­ýan şol bag­lar türk­men top­ra­gy­nyň ösüm­lik dün­ýä­si­ni baý­laş­dy­ryp, amat­ly ho­wa şert­le­ri­niň eme­le gel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. Ak mer­mer­li paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ýew­ro­pa yk­dy­sa­dy ko­mis­si­ýa­sy­nyň «Şä­her­ler­dä­ki bag­lar» at­ly baş­lan­gy­jy­na bag ek­mek çä­re­le­ri ar­ka­ly go­şan­dy üçin de­giş­li gü­wä­na­ma my­na­syp bol­ma­gy bol­sa, ýur­du­myz­da ba­gy-bos­san­ly­gy dö­ret­mek, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny ga­zan­mak ug­run­da edil­ýän ta­gal­la­la­ryň dün­ýä­de yk­rar edil­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­tan pa­ra­hat­çy­lyk­sö­ýü­ji­lik, oňyn Bi­ta­rap­lyk hem-de hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­ny iş­jeň dur­mu­şa ge­çir­ýär.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň 2022 – 2028-nji ýyl­lar üçin Kon­sep­si­ýa­syn­da hem eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy, suw me­se­le­le­ri, çöl­leş­mä gar­şy gö­reş­mek, te­bi­gy bet­bagt­çy­lyk­la­ryň tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azalt­mak ba­ra­da­ky me­se­le­le­riň ýur­du­my­zyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň düýp maz­mu­nyn­da öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar. Bu res­mi­na­ma­da Türk­me­nis­ta­nyň eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öz esa­sy çe­me­leş­me­le­rin­de Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­me­giň äh­lu­mu­my, se­bit we mil­li gu­ral­la­ry­nyň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň we öza­ra bi­ri-bi­ri­niň üs­tü­ni ýe­tir­me­gi­niň hä­zir­ki dö­wür­de ins­ti­tu­sio­nal de­re­je­de esa­sy ile­ri tu­tul­ýan ug­ra öw­rül­ýän­di­gin­den ugur al­ýan­dy­gy nyg­tal­ýar.
Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy­nyň eko­lo­gi­ýa jä­het­le­ri hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň mej­lis­le­rin­de we beý­le­ki iri hal­ka­ra fo­rum­la­ryn­da öňe sü­ren örän mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ryn­da öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ola­ryň ha­ta­ryn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly Teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­ni dö­ret­mek, BMG-niň Suw stra­te­gi­ýa­sy­ny hem-de BMG-niň Ara­ly ha­las et­mek bo­ýun­ça ýö­ri­te Mak­sat­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­mak, Ha­zar deň­zi­niň ekoul­ga­my­ny go­rap sak­la­mak, se­bi­tiň suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak bo­ýun­ça Aş­ga­bat­da Se­bi­ta­ra mer­ke­zi­ni aç­mak ba­ra­da­ky tek­lip­le­ri gör­kez­mek bo­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýur­du­my­zyň eko­lo­gi­ýa dip­lo­ma­ti­ýa­sy ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş­mek, te­bi­ga­ty aýaw­ly sak­la­mak, suw, ýer we bio­lo­gik se­riş­de­le­ri re­je­li peý­da­lan­mak, se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy, dur­nuk­ly ösü­şi we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­li­ge hem-de gi­ňelt­mek­li­ge özü­niň my­na­syp go­şan­dy­ny goş­ýar.

Näz­li BEG­JA­NO­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­lym-öw­re­ni­ji­si.