“Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly bolan 2026-njy ýylda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat Bölüminiň, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleriniň guramaklarynda Lebap welaýat Taryhy we Ülkäni öwreniş muzeýinde Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Lebap welaýat maliýe we ykdysadyýet orta hünär mekdebiniň talyp ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar talyp ýaşlarymyzyň kalplarynda eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyna bolan söýgini artdyrmak, şeýle-de olaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen bahar paslynyň aýratynlyklaryny suratlaryň üsti bilen waspyny ýetirmek boýunça surat bäsleşigi geçirildi. Çäräniň dowamynda döredijilik işleri bilen meşgullanýan talyp ýaşlaryň ata Watanymyzyň ajaýyp ýerlerini, gözel tebigatymyzyň bahar paslyndaky täsinliklerini, aýratynlyklaryny wasp edip çeken suratlarynda bahar paslyna mahsus bolan öwüşgünleri berip, gerekli reňkleri ýerlikli ulanyp, ussatlyk bilen wasp etmegi başarypdyrlar. Bäsleşige tanymal suratkeşler, heýkeltaraşlar, nakgaşlar çagyrylyp olardan düzülen emin agzalary bäsleşige hödürlenen her bir surata syn berip, ýeňiş gazananlar yglan edildi. Emin agzalary tarapyndan yglan edilen üç sany naýbaşy suraty çeken talyplar Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň gymmat bahaly sowgatlaryna şeýle-de Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan suratlar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde wagtlaýyn gurnalan serä hödürlendi. Duşuşygyň esasy maksady hatarlanyp gelýän pasyllaryň aýratynlyklaryny, bahar paslynyň özboluşly tebigy gözelliklerini suratlaryň üsti bilen köpçülige ýetirip, tebigata söýgi döretmekden ybarat boldy.
Maral Hojagulyýewa, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.
PDF









