Azerbaýjanyň paýtagty Baku 2026-njy ýylda resmi taýdan Dünýäniň sport paýtagty diýen ady Monakodan kabul eder. Bu barada “Azertag” agentligi habar berdi.
Bu karar hökümet ýolbaşçylarynyň we Ýewropanyň sport paýtagtlary we şäherleri federasiýasynyň (ACES) wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen “Dünýäniň sport paýtagtlary” atly ýadygärlik tagtasyna resmi gol çekişlik dabarasynda mälim edildi.
ACES-iň başlygy Jan Françesko Lupatelli Bakunyň sportuň ösüşine yzygiderli ygrarlydygyny, döwrebap infrastrukturasy bilen tapawutlanýandygyny belledi.
ACES-iň baş sekretary Hugo Alonso Kastanýon öz gezeginde Bakuwyň ösen sport infrastrukturasyna eýedigini we eýýäm dürli sport görnüşleri boýunça abraýly çäreleri geçirmek üçin tejribesiniň bardygyny belledi. “Biz Bakuwyň 2026-njy ýylda Dünýäniň sport paýtagty hökmündäki derejesi bilen oňyn görelde görkezjekdigine ynanýarys” diýip, ol aýtdy.
Azerbaýjanyň Ýaşlar we sport ministri Farid Gaýibow bu bu derejä eýe bolmagyň ýurt üçin möhüm waka diýip atlandyrdy. Ol Azerbaýjanyň ýolbaşçylarynyň goldawy bilen sport pudagynyň yzygiderli ösýändigini we Bakuwyň yzygiderli halkara ýaryşlaryny, şol sanda «Formula 1» Gran-prisini geçirýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, paýtagt geljekki ýyllarda hem esasy sport çäreleriniň senenamasyny giňeltmegi dowam etdirer.
ACES-iň kararyna laýyklykda, 2025-nji ýylda Dünýäniň sport paýtagty diýen at Monako şäherine degişli bolup, şondan soň ol resmi taýdan Baku şäherine geçiriler.
ACES – ştab-kwartirasy Brýusselde ýerleşýän halkara girdejisiz gurama bolup, ol her ýyl dünýäniň dürli şäherlerine we sebitlerine sport derejelerini gowşurýar. Sporty sosial integrasiýa, ýaşaýşyň hilini ýokarlandyrmak we jemgyýetçilik abadançylygyny berkitmek üçin gural hökmünde garaýan gurama Ýewropa Komissiýasy, ÝUNESKO we beýleki halkara edaralary bilen hyzmatdaşlyk edýär.