Gyş paslynyň gelmegi bilen janly-jandarlardyr mör-möjekleriň köpüsi gyş ukusyna gidýär. Bu pasylda tebigat ap-ak dona bürenip, derýalardyr kölleriň ýüzi bolsa, buz bilen örtülýär. Howanyň sowuk günleri uçup ýören gargadyr gyrda iýmit gözläp ýören towşana gabat geläýmeseň, tebigaty ümsümlik gurşap alýar. Megerem, doňan suwuň (akaba, köl) üstünde buzda typmak we gar zyňşyp oýnamak gyş paslynyň iň gyzykly güýmenjeleri bolsa gerek. Eýsem, siz buzuň üstünde typýan wagtyňyz buz gatlagynyň aşagynda balyklaryň nädip ýaşaýandygy barada pikir edip gördüňizmi?!
Gyş paslynda beýleki janly-jandarlar ýaly balyklar hem howa şertine görä hereket edip başlaýarlar. Balyklar bedeniniň temperaturasyny kadaly saklamak üçin haýal hereket edýärler hem-de köpräk dynç alýarlar. Howanyň temperaturasy 4 derejeden aşak düşende kölüň ýokarky gatlagy doňýar we 2-3 metr çuňluga çenli suw örän sowaýar. Şeýlelikde, dykyz suwuň aşagyndaky balyklar ýylylygy saklamak we kadaly dem almak üçin kölüň düýbüne tarap gidýärler. Hünärmenleriň bellemegine görä, çuň bolmadyk suwda ýaşaýan balyklar gyş paslynda suwa gaçan guran agaçlaryň ýa-da daşyň köweginde wagtlaýyn mesgen tutýarlar. Buz jaýryklary, uly daşlar ýa-da guran agaçlar balyklaryň ýaşamagyna we bedeniniň ýylylygyny kadaly saklamagyna ýardam edýär. Balyklaryň köpüsi howanyň sowamagy bilen suwuň 9-12 metre çenli çuňlugyna göçüp gidýärler. Daşy teňňeli jandarlaryň käbiri bolsa suwuň ýalpak ýerinde palçyga gömlüp ýatyp, gyşdan çykýar.
Balyklar gyşda näme iýýärler?
Howanyň sowamagy bilen balyklaryň bedeniniň alyş-çalşygy (metabolizm) örän haýallaýar. Şol sebäpli balyklar örän haýal hereket edýärler we käwagt iýmitlenýärler. Adatça, ot iýýän balyklar buzuň astynda ýaşamakda ejir çekip, iýmit ýetmezçiligi bilen bagly köp kynçylyklary başdan geçirýärler. Ýyrtyjy balyklar bolsa, iýmit ýetmezçiligine mätäçlik duýmaýarlar. Gyş paslynda suwuň düýbünde ösümligiň ýokdugy sebäpli, ot iýýän balyklar hem mör-möjekler bilen oňňut etmeli bolýar.
Balyklar Antarktidada nädip ýaşaýarlar?
Antarktidada balyklaryň ähli görnüşi ýaşap bilmeýär. Sowuk materikde daşy teňňeli jandaryň Antarktida gyýak dişli balygy, Antarktida kümüş balygy, ak ganly balyk, patagoniýa gyýak dişli balygy we ulitka buz balygy ýaly görnüşleri ýaşaýar. Balygyň bu görnüşleriniň ganynda tebigy antifriz belogy bolup, suwuň temperaturasy noldan aşak düşende hem doňmazdan ýaşap bilýärler. Polýar balyklarynyň köpüsi ýyrtyjy balyklara degişli bolup, deňiz jandarlary bilen iýmitlenýärler. Antarktidada suwuň sowuklygy ortaça -2 derejede saklanýar.
PDF









