Banan iň peýdaly miweleriň biri hasaplanýar. Çagalardan başlap, sport bilen meşgullanýanlaryň we ýaşy bir çene baranlaryň iň halaýan iýmitleriniň biri bolan bananda B6, B12, C witamini, belok, kaliý, folat, magniý, marganes ýaly ýokumly minerallar saklanýar. Bananyň dünýäde müňden gowrak görnüşi ösýär. Bilşimiz ýaly, palma agajynda bitýän süýri miwe göklügine ýolunýar. Bu miwäniň iň peýdalysy bir hepde duran, daşy garalyp ugran sary banan bolup, agzyňda eräp gidýär. Adatça banan iýlenden soň gabygy zibile taşlanýar. Bilermenler bananyň gabygynyň hem miwesi ýaly peýdalydygyny belläp, şu maslahatlary berýärler:
Bananyň gabygy witaminlere we antioksidantlara baý. Ýüzüňe ýa-da eliňe bananyň gabygyny sürteniňde derini nemlendirýär, düwürtikleri azaldýar we tebigy öwüşgin berýär. Şeýle hem ýüzdäki gara nokatlary we tegmilleri aýyrmaga kömek edýär. Bananyň gabygy yzygiderli ulanylanda deri has ýaş we ýumşak görünýär.
Bananyň gabygyny şikes alan ýa-da kesilen ýeriňe, şeýle hem mör-möjegiň çakan ýerine ýapanyňda yzany aýryp, bedeni rahatlandyrýar. Bananyň gabygynyň sowatmak häsiýetiniň bardygy sebäpli gijilewüge ýa-da deriniň gyzaran ýerine hem sürtüp bolýar.
Eli-aýagy gurak bolanlar üçin bananyň gabygy tebigy melhemdir. Bananyň gabygyndaky tebigy ýaglar derini nemlendirýär we güýçlendirýär.
Bananyň gabygy kümüşden ýasalan şaý-seplerdäki ýa-da aşhana gurallaryndaky (çemçe, çarşak, pyçak, mejime) gara tegmilleri aýyrmaga ýardam edýär.
Bananyň gabygy otag gülleri we öýde ýetişdirilýän ösümlikler üçin organik dökün bolup hyzmat edýär. Ýylmanak gabykdaky kaliý we magniý ösümligiň köküni güýçlendirýär hem-de ýapraklaryň ösüp çykmagyny üpjün edýär. Bananyň gabygyny topraga gömmek, guratmak ýa-da üwemek arkaly ulanyp bilersiňiz.
PDF









