Ki­çi ýaş­ly ça­ga­lar üçin aýak­ga­by dog­ry saý­la­mak esa­sy şert­le­riň bi­ri­dir. Ça­ga­lar my­da­ma ösüş­de bol­ýar. Şol se­bäp­li olar üçin dog­ry aýak­gap saý­la­ma­ga üns ber­me­li. Aýak­ga­byň öl­çe­gi, ýum­şak ýa-da ga­ty­ly­gy hem-de bi­çü­wi ça­ga­la­ryň aýa­gyn­da­ky myş­sa­la­ryň we süňk­le­riň ösü­şi­ne tä­sir ed­ýär. Ça­ga­lar üçin aýak­gap saý­la­nan­da da­ban bi­len ba­syl­ýan bö­le­gi­niň – ök­je­si­niň ýum­şak­ly­gy­na üns ber­me­li. Aýak­ga­byň ap­gyr­dy we da­ban bö­le­gi ýum­şak re­zin­den (kau­çuk) bol­ma­ly. Mun­dan baş­ga-da, bar­mak­la­ryň dog­ry ös­me­gi üçin aýak­ga­byň yg­ty­bar­ly ýa­pyk­ly­gy­na hem-de bar­mak­la­ry gys­ma­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­me­li.
Ça­ga çalt ös­ýär. My­sal üçin, okuw ýy­ly­nyň ba­şyn­da sa­tyn al­nan aýak­gap ýyl ta­mam­lan­man­ka, ça­ga­nyň aýa­gy­na ki­çi bol­ýar. Şeý­le-de bol­sa, okuw, sport ýa-da da­şar­da geý­mek üçin sa­tyn al­nan aýak­gap ça­ga­nyň aýa­gy­na la­ýyk gel­ýän bol­ma­ly. Gel­jek ýyl hem ge­ýer di­ýen pi­kir bi­len uly öl­çeg­dä­ki aýak­gap al­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär. Mun­dan baş­ga-da, ça­ga­nyň aýa­gy­nyň gur­lu­şy­na hem üns ber­me­li. Kä­bir ada­myň da­rak­ly­gy in­li bol­ýar. Şeý­le ýag­daý­da öň ta­ra­py in­siz aýak­gap al­mak mas­la­hat be­ril­me­ýär.
Bi­ler­men­ler ata-ene­le­re kör­pe­ler üçin ar­tyk­maç be­ze­gi bol­ma­dyk, yk­jam aýak­gap­la­ry sa­tyn al­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler. Se­bä­bi ýaz­gy­lar, be­zeg üçin da­ky­lan şaý­lar geý­mek üçin oňaý­syz bol­mak bi­len bir ha­tar­da, sa­pak wag­tyn­da ça­ga­nyň ün­sü­ni hem so­wup bil­ýär.
Aýak­gap ala­nyň­da ça­ga hök­man geý­di­rip gör­me­li hem-de aýa­gy­na la­ýyk otur­ýan­dy­gy­na göz ýe­tir­me­li. Soň­ra ýa­kyn ara­ly­ga ýö­re­dip, oňaý­ly­my ýa-da oňaý­syz­dy­gy­ny so­ra­ma­ly. Şeý­le ýag­daý­da ça­ga özü­ni ra­hat duý­ýar. Bi­ler­men­ler ki­çi ýaş­ly ça­ga­la­ra ma­ta­dan ti­ki­len aýak­gap­la­ry uzak wagt­lap geý­dir­me­li däl­di­gi­ni, aýak süň­kü­niň ka­da­ly ös­me­gi üçin ýum­şak da­ban­ly, ra­hat ök­je­li ýa-da sport aýak­gap­la­ry­ny saý­la­ma­gy mas­la­hat ber­ýär­ler.
Aýak­ga­by­ňyz gys­ýar­my?
Tä­ze sa­tyn al­nan ýa-da uzak wagt­lap du­ran aýak­gap­lar il­kin­ji ge­zek geý­len­de aýa­gy­ňy gy­syp, uzak­ly gün ra­hat­syz­lyk dö­red­ýär. Bar­mak­lar­da we aýa­gyň iki gap­da­lyn­da agy­ry peý­da bo­lup, ga­bar­çyk­lar dö­re­ýär. Aýak­ga­byň gys­ma­gy­nyň esa­sy se­bä­bi önüm­çi­lik­de ula­nyl­ýan berk ma­te­ri­al­lar we ga­lyp­lar­dyr. De­ri­den, sin­te­tik de­ri­den ýa-da ma­ta­dan ti­ki­len­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, il­ki­baş­da aýa­gyň te­bi­gy öl­çe­gi­ne la­ýyk gel­me­ýän aýak­ga­by nä­dip gi­ňelt­me­li?!
Tä­ze sa­tyn al­nan aýak­ga­by ga­lyň jo­rap­ly ge­ýip, öýüň için­de gez­me­le­mek köw­şi gi­ňelt­mek üçin giňden ýaý­ran usul­la­ryň bi­ri­dir. Eger köw­şü­ňi­ziň iki gap­da­ly gys­ýan bol­sa, aýa­gy­ňy­za ge­ýe­ni­ňiz­den soň, saç gu­ra­dy­jy bi­len ýy­la­dyp, aýak­ga­by ýum­şat­mak ar­ka­ly hem gi­ňel­dip bi­ler­si­ňiz.
Aýak öl­çeg­le­ri­ni (aýak­ga­ba geý­di­ril­ýän plast­mas­sa) ulan­mak hem aýa­gy­ňy­zyň gy­syl­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Söw­da mer­kez­le­rin­de ýa-da aýak­gap dü­kan­la­ryn­da sa­tyl­ýan aýak öl­çeg­le­ri­ni ag­şam aýak­ga­ba geý­di­rip goý­ma­ly. Eger aýak öl­çeg­le­ri­ni tap­ma­dyk ha­la­ty­ňyz­da, ma­ta­ny, ka­gy­zy ýa-da plas­tik tor­ba­la­ry düýr­läp dyk­mak ar­ka­ly hem aýak­ga­by­ňy­zy gi­ňel­dip bi­ler­si­ňiz.
De­ri­den ti­ki­len gys­ýan aýak­gap­lar üçin ýö­ri­te spreý­leri hem ula­nyp bol­ýar. Spreý se­pe­niň­den soň aýak­ga­by ýy­ly­rak ýer­de goý­ma­ly.