Häzirki wagtda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň tapgyrlary «Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» esaslanýar. Bu resminamanyň düzgünleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi, ýurduň mundan beýläkki ösüşine, öňdebaryjy dolandyryş usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär. Çünki, täze tehnologiýalar, sanly hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Täzeçil usullar döwlet edaralarynyň we ähli pudaklaryň işine ornaşdyrylýar.

Şu gün­ki gün­de işe­wür­lik ýö­rel­ge­le­ri­ni öz­gerd­ýän we adam iş­jeň­li­gi­niň dür­li ugur­la­ry­na ara­laş­ýan san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­mi­ýe­ti aý­ra­tyn orun eýe­le­ýär. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry­na giň­den ara­laş­ma­gy, je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi­ne düýp­li go­şant goş­ýar. San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te ge­çiş äh­li ugur­lar­da dür­li müm­kin­çi­lik­le­re, bäh­bit­le­re se­bäp bol­ýar. Ge­liň, il­ki bi­len «san­ly yk­dy­sa­dy­ýet» adal­ga­sy­nyň nä­mä­ni aň­lad­ýan­dy­gy­ny kes­git­lä­liň. Ol il­kin­ji ge­zek 1995-nji ýyl­da Mas­sa­çu­sets Teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň komp­ýu­ter bo­ýun­ça ame­ri­kan aly­my Ni­ko­las Neg­ro­pon­te ta­ra­pyn­dan ula­nyl­dy. Mag­lu­mat­lar aşak­da­ky kes­git­le­mä­ni ber­ýär: «San­ly yk­dy­sa­dy­ýet san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ra esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy iş­jeň­lik­dir». Şeý­le­lik­de, san­ly yk­dy­sa­dy­ýet komp­ýu­ter we te­le­kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­ma­ga esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy iş­jeň­lik­dir. In­di teh­no­lo­gi­ýa­lar ar­ka­ly öý­den çyk­man ha­ryt sar­gyt edip, on­laýn dü­kan­la­ryň üs­ti bi­len sa­tyn al­mak üçin tö­leg tö­läp bol­jak de­re­jä ýe­til­di, bu bol­sa, komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ulan­mak, in­ter­net söw­da­sy, on­laýn hyz­mat­la­ry ber­mek we elekt­ron tö­leg­le­ri ama­la aşyr­mak esa­syn­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň döw­rü­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Bu­la­ryň hem­me­si söw­da we pul bi­len bag­la­ny­şyk­ly wag­ty tyg­şyt­la­ýar. San­ly öz­gert­me­ler adam­lar üçin dur­mu­şy aň­sat­laş­dyr­ýar we biz­nes üçin gir­de­ji­li bol­ýar. San­ly­laş­dyr­mak ýur­duň ösü­şi­niň öze­ni bo­lup, yk­dy­sa­dy­ýe­te oňaý­ly tä­sir ed­ýär, müş­de­ri­le­riň yzy­gi­der­li art­ýan is­leg­le­ri­ni ne­ti­je­li dur­mu­şa ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şo­ňa gö­rä, in­no­wa­si­ýa dep­gi­ni­ni art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len bank­lar san­ly ul­gam­la­ry ula­nyp, müş­de­ri­ler bi­len öza­ra gat­na­şyk­da bol­mak we gal­ta­şyk­syz tö­leg­le­ri ulan­mak üçin äh­li ta­gal­la­la­ry­ny san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry ös­dür­mä­ge gö­nük­dir­ýär­ler.
San­ly öz­gert­me – mu­nuň özi döw­rüň me­ýil­le­ri­ne eýer­mä­ge, üýt­ge­ýän mak­ro­yk­dy­sa­dy şert­le­re gar­şy dur­nuk­ly bol­ma­ga, bäs­deş­ler­den öňe saý­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän düýp­gö­ter tä­ze çe­me­leş­mä­niň ula­nyl­ma­gy­dyr. Bu tä­ze ba­zar şert­le­ri­ne uý­gun­laş­mak, mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ös­dür­mä­ge ma­ýa goý­mak we mag­lu­mat howp­suz­ly­gy­ny güýç­len­dir­mek uky­by­ny ta­lap ed­ýän pro­ses­dir. Şu gün­ki gün­de san­ly­laş­dyr­mak yk­dy­sa­dy­ýe­tiň äh­li ugur­la­ry­na ara­la­şyp, ola­ryň ara­syn­da­ky çäk­le­ri ýa­kyn­laş­dyr­ýar.
Bank hyz­mat­la­ryn­da­ky öz­gert­me­ler, il­kin­ji no­bat­da, hyz­mat­la­ryň tiz­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­ny we al­ter­na­tiw hyz­mat ediş ugur­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly müş­de­ri­le­riň wag­ty­ny tyg­şyt­la­ma­gy göz öňün­de tu­tup, bank ba­za­ry­na gat­na­şy­jy­lar we müş­de­ri­le­riň ara­syn­da­ky öza­ra gat­na­şyk­la­ryň düýp­gö­ter üýt­ge­me­gi­ne se­bäp bol­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan, bank ba­za­ry­na gat­na­şy­jy­lar ta­ra­pyn­dan hö­dür­len­ýän hyz­mat­la­ryň ne­ti­je­li­li­gi we giň­den el­ýe­ter­li­li­gi bank­lar bi­len müş­de­ri­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry düý­bün­den tä­ze de­re­jä çy­kar­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ban­kla­ryň hyz­mat­la­ry­nyň ge­ri­mi yzy­gi­der­li gi­ňäp, dür­li bank hyz­mat­la­ry­ny iş­läp düz­mek we ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­ri alyp bar­ýar­lar. «Bank ul­ga­my ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň esa­sy dü­züm­le­ri­niň bi­ri­dir, türk­men yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň öz­ge­riş­lik­le­re taý­ýar­dy­gy­ny gör­kez­ýän aý­na­sy­dyr» di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­ýär.
Bank ul­ga­my­nyň has ne­ti­je­li iş­läp, bäs­deş­lik ar­tyk­maç­lyk­la­ry­ny ga­zan­ma­gy üçin ylym, teh­no­lo­gi­ýa we teh­no­lo­gi­ýa­nyň tä­ze ga­za­nan­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly in­no­wa­si­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak pro­se­si aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Bu bank pu­da­gy­nyň yzy­gi­der­li san­ly­laş­dy­ryl­ma­gy ar­ka­ly ga­za­nyl­ýar. Bank­la­ry san­ly­laş­dyr­mak – mu­nuň özi hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ula­nyp, bank ul­ga­my­ny we müş­de­ri­ler bi­len öza­ra gat­na­şy­gyň usul­la­ry­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Yk­jam in­ter­net teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ös­me­gi we smart­fon­la­ryň funk­si­ýa­la­ry­nyň gi­ňe­me­gi ne­ti­je­sin­de, yk­jam prog­ram­ma­lar aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe bol­ýar. Şeý­le­lik­de, onuň ula­ny­jy­la­ry öz­le­ri­niň ha­sa­by­ny bar­la­mak, ber­jaý edi­len amal­la­ry gör­mek, pul ge­çir­mek we hyz­mat­lar üçin tö­le­mek, şeý­le hem karz al­mak ýa-da ony üz­mek, sa­tyn al­mak ýa-da äti­ýaç­lan­dy­ryş iş­le­ri üçin her gün to­ra gir­ýär­ler. Dür­li hyz­mat­la­ra we ha­ryt­la­ra tö­le­mek üçin yk­jam prog­ram­ma­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy nagt däl tö­leg­le­riň art­ma­gy­na ge­tir­ýär. Ha­ryt­lar we hyz­mat­lar üçin tö­leg­ler ter­mi­nal­lar ar­ka­ly bank kar­toç­ka­la­ry bi­len ama­la aşy­ryl­ýar.
Eý­sem, gel­jek­de dö­re­dil­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän «san­ly bank» nä­me? Ol, il­kin­ji no­bat­da, şa­ham­ça­la­ry bol­ma­dyk bank­lar­dyr, şo­la­ryň or­nu­ny «Call» mer­ke­zi hyz­mat­lar gul­lu­gy­nyň iş­gär­le­ri tut­ýar. Şeý­le bank­lar uzak ara­lyk­dan ösen san­ly hyz­mat­la­ra eýe bo­lan in­ter­net bank­la­ry, yk­jam bank­la­ry, şah­sy iş otag­la­ry, web sa­hy­pa­la­ry, hu­su­sy we kor­po­ra­tiw müş­de­ri­ler üçin saýt­la­ry we beý­le­ki ýö­ri­te­leş­di­ri­len hyz­mat­la­ry bo­lan bank­lar­dyr. Adat­ça, şeý­le amal­lar gi­je-gün­di­ziň do­wa­myn­da ber­jaý edi­lip, şu­nuň ýa­ly hyz­mat­lar­dan müş­de­ri­le­riň 90%-den gow­ra­gy peý­da­lan­ma­ly­dyr.
Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň bank­la­ry­nyň tä­ze ma­li­ýe teh­no­lo­gi­ýa­la­ry yzy­gi­der­li or­naş­dyr­ma­ga taý­ýar­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin ze­rur iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Taý­ýar­lyk tap­gy­ry ta­mam­la­nan­dan soň, san­ly­laş­dyr­ma­gyň mak­sat­la­ry­na ýet­mek üçin bank­la­ryň alyp bar­ýan iş­le­ri has-da iler­lär. Işe­wür­lik amal­la­ry­nyň bar­ha art­ýan möç­be­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, bu iş­le­riň kä­mil­leş­di­ril­me­gi bank ul­ga­myn­da ula­nyl­ýan de­giş­li prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­niň hem-de gu­ral­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ni göz öňün­de tut­ýar. Amal­la­ryň aw­to­mat­laş­dyr­mak de­re­je­si­niň kä­mil­leş­di­ril­me­gi wag­ty tyg­şyt­la­ma­ga hem-de ha­ra­jat­la­ry ep-es­li azalt­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer, müş­de­ri­le­riň is­leg­le­ri­niň ka­na­gat­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nü­den-gö­ni tä­sir eder, se­bä­bi amal­lar çalt, howp­suz hem-de go­rag­ly­ly­gyň we gö­zeg­çi­li­giň ýo­ka­ry de­re­je­sin­de ama­la aşy­ry­lar. Bu çä­re­ler bank işe­wür­lik amal­la­ry­nyň wir­tu­al ýag­da­ýa ge­çi­ril­me­gi­ni, bank hyz­mat­la­ry­nyň äh­li ul­gam­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär, bu iş­ler de­giş­li gu­ral­la­ryň di­ňe bir üýt­ge­dil­me­gi­ne däl-de, müş­de­ri­ler bi­len gat­na­şyk­la­ryň dur­ku­ny öz­ger­der, iki ta­rap üçin hem tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri açar.
Umu­man, müş­de­ri­le­ri ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­lar bi­len üp­jün et­mek bank ul­ga­my­nyň ile­ri tut­ýan we­zi­pe­si­dir. Çün­ki, bank ul­ga­myn­da mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy müş­de­ri­ler bi­len gat­na­şy­gy döw­re­bap­laş­dyr­mak­da aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Öza­ra gat­na­şyk­la­ryň san­ly usul­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi, müş­de­ri­le­re ze­rur muk­dar­da we öz wag­tyn­da bank hyz­mat­la­ry­ny et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer.

Ogul­je­mal Be­ko­wa,
Türk­me­nis­ta­nyň «Türk­me­nis­tan» DTB-niň
«Ke­sear­kaç» şa­ham­ça­sy­nyň san­ly
bank teh­no­lo­gi­ýa­sy we aw­to­ma­ti­za­si­ýa
bö­lü­mi­niň esa­sy hü­när­me­ni.