UEFA Çempionlar Ligasynda “Barselona” myhmançylykda iňlisleriň “Nýukasl” toparyny iňlis oýunçysy Markus Reşfordyň ajaýyp gollary bilen 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýyldyz oýunçy 58-nji minutda hasaby açdy. Ol 67-nji minutda bolsa diýseň owadan urgy bilen topy derwezä girizdi. Oýnuň 90-njy minutynda Antoni Gordonyň goly “Nýukasl” toparyna ýeňiş üçin ýeterlik bolmady. “Barselona” indiki tapgyrda PSŽ-ni kabul etse, “Nýukasl” Belgiýada “Ýunion Sent-Žilluazyň” myhmany bolar.