Futbolda milli ýygyndylar sebäpli berlen arakesme tamamlanyp, klub ýaryşlary galan ýerinden bat aldy. Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” sanawyň lideri “Barselona” ýeňiş gazanyp, 2-nji ýerdäki “Real Madrid” ýeňlişe sezewar boldy.

30-njy tapgyrda “Real Madrid” myhmançylykda “Malýorka” bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda ýer eýeleri 42-nji minutda Manuel Moralesiň goly bilen hasaby açdy. Madridliler bu gola 2-nji ýarymyň ahyrynda jogap bermegi başardy. 88-nji minutda Eder Militaonyň kelle urgusyndan geçiren goly bilen hasap deňlendi. Ýöne 90+1-nji minutda “Malýorka” kosowoly ýyldyz hüjümçisi Wedad Murikiniň goly bilen täzeden öňe geçdi. “Real Madride” bu gola jogap bermek başartmady we duşuşyk 2-1 hasabynda “Malýorkanyň” ýeňşi bilen tamamlandy.

“Barselona” bolsa myhmançylykda “Atletiko Madrid” bilen duşuşdy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda katalonlar 2-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Madridliler oýnuň 39-njy minutynda Juliano Simeoneniň goly bilen öňe geçdi. “Barselona” 4 minutdan soň Markus Reşfordyň goly bilen hasaby deňledi. 45+7-nji minutda bolsa “Atletikonyň” başga bir argentinaly oýunçysy Niko Gonzales gyzyl kart aldy. 2-nji ýarymda katalonlar has erjel oýun görkezdi. Oýnuň tamamlanmagyna 3 minut galanda, derwezeçiden yzyna gaýdan top Robert Lewandowskä degip, tora girdi. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Barselona” ýene-de 3-4 günden Çempionlar Ligasynda-da duşuşjak bäsdeşini ýeňip, 2-nji ýerdäki “Real Madridden” 7 utuk öňe saýlandy. Ispaniýanyň çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 8 tapgyr galdy.