5-nji sent­ýabr­da Nýu-Ýork­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 78-nji ses­si­ýa­sy res­mi taý­dan açyl­dy. Çä­re­le­riň iň ýo­ka­ry de­re­je­si 19-25-nji sent­ýabr ara­ly­gyn­da dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den gel­jek ýol­baş­çy­la­ry we da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­ni bir ýe­re jem­le­jek ýo­ka­ry de­re­je­li hep­de bo­lar. Şol dö­wür­de ýol­baş­çy­lar hal­ka­ra ýag­da­ýy ba­ra­da­ky dü­şün­je­le­ri­ni we glo­bal kyn­çy­lyk­la­ra gar­şy gö­reş çä­re­le­ri­ni hö­dür­lär­ler. Adat­ça, bir ýyl do­wam et­jek ses­si­ýa­nyň gün ter­ti­bin­de esa­sy hal­ka­ra me­se­le­le­ri, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi, dur­nuk­ly ösüş, ös­ýän ýurt­la­ryň ber­gi me­se­le­si­ni ýe­ňip geç­mek ýa­ly me­se­le­ler bar. Ses­si­ýa­nyň açy­ly­şyn­da onuň baş­ly­gy Tri­ni­dad we To­ba­go Res­pub­li­ka­sy­nyň dip­lo­ma­ty Den­nis Fran­sis ka­sam ka­bul et­di we borç­la­ry­ny ada­lat­ly we ga­raş­syz ýe­ri­ne ýe­tir­jek­di­gi­ni aýt­dy.
– Biz Baş As­samb­le­ýa­nyň 78-nji mej­li­si­ni yzy­gi­der­li kyn­çy­lyk­lar bi­len gur­şa­lan çyl­şy­rym­ly glo­bal gün ter­ti­bi bi­len baş­la­ýa­rys. 78-nji ses­si­ýa­nyň bu kyn­çy­lyk­la­ra ne­ti­je­li jo­gap ber­me­gi üçin dört sa­ny mö­hüm me­se­lä­ni kes­git­le­dim. Bu pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk, ösüş we dur­nuk­ly­lyk – di­ýip, Den­nis Fran­sis bel­le­di.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li hep­de­si 19-njy sent­ýabr­da açy­lar. Ýo­ka­ry de­re­je­li hep­dä çen­li Baş As­samb­le­ýa­nyň mej­lis­le­ri gün ter­ti­bi­ni tas­syk­la­mak we ko­mi­tet dö­ret­mek ýa­ly teh­ni­ki me­se­le­ler bo­ýun­ça do­wam eder. Däp bo­ýun­ça, ýo­ka­ry de­re­je­li hep­de Bra­zi­li­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Lu­is Ina­sio Lu­la da Sil­wa­nyň çy­ky­şy bi­len açy­lar. On­dan soň ABŞ-nyň Pre­zi­den­ti Jo­zef Baý­den söz söz­lär. Baý­den şu ýyl BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­na gat­naş­jak “Uly bäş­li­giň” ýe­ke-täk Li­der­le­ri­niň bi­ri bo­lar. Şeý­le hem, şu ýyl Rus­si­ýa­nyň, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň, Hy­ta­ýyň we Fran­si­ýa­nyň li­der­le­ri Nýu-Ýor­ka bar­ma­gy me­ýil­leş­dir­me­ýär­ler.