Islendik şäher barada gürrüň edilende şol şäherdäki meşhur zatlaryň ady agzalýar. Dünýäniň her bir şäheri özüniň tebigaty, binagärlik aýratynlygy we medeni gymmatlyklary bilen tapawutlanýar. Şeýle aýratynlyklara her şäheriň özüne mahsus tagamlaryny hem goşup bileris. Ýagny käbir şäherler özüniň meşhur tagamlary bilen tanalýar. Gazetimiziň şu sanynda 5 şähere mahsus bolan 5 tagam baradaky maglumatlary dykgatyňyza ýetirýäris.
Hinkali, Batumi. Gara deňziň kenarynda ýerleşýän bu şäher özboluşly aýratynlyklara eýe. Batumi şäherine baryp iýmeli tagamlaryň biri-de gürji mantysydyr. Bukja görnüşinde taýýarlanýan bu tagama et bilen bir hatarda, kartoşka, kömelek we peýnir hem goşulýar. Gürji naharlarynyň iň meşhury bolan hinkali suwda gaýnadylyp taýýarlanýar. Bu tagamy, islege görä, gaýnadylan çorbasy bilen bilelikde hem iýip bolýar.
Çewapy, Saraýewo. Bosniýa we Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo Balkan ýarym adasynyň iň owadan şäherleriniň biri hasaplanýar. «Saraýewo baryp näme iýmeli?» diýen soraga jahankeşdeler «çewapy» diýip jogap berýärler. Diňe şäheriň däl, eýsem, tutuş ýurduň hem iň meşhur tagamlarynyň biri bolan çewapy üwelen etden taýýarlanýar. Çöregiň arasyna goýlup, bilelikde iýilýän bu tagamyň ýany bilen dogralan sogan hem berilýär.
Suwlaki, Afiny. Gresiýanyň paýtagty Afiny şäheri hem syýahatçylara birnäçe lezzetli tagamlary hödürleýär. Şäheriň köçe naharlarynyň biri bolan suwlaki ýurduň iň meşhur tagamlarynyň biri hasaplanýar. Kebap görnüşinde közde bişirilýän bu tagam ýukajyk çöregiň arasyna goýlup, limon, otlar, pomidor goýultmasy bilen bilelikde berilýär. Esasan, goýun etinden bişirilýän suwlaki käte sygyr, towuk etinden hem taýýarlanýar.
Falafel, Beýrut. Ýakyn Gündogaryň «Pariži» diýlip atlandyrylýan Beýrut şäheri taryhy ýadygärlikleri bilen bir hatarda, milli tagamlary bilen hem syýahatçylarda uly täsir galdyrýar. Şäherde Liwanyň iň meşhur tagamlarynyň biri bolan falafel taýýarlanýar. Bu tagam gaýnadylan nohutdan suwy sykylyp togalanan görnüşde ýagda gowrulýar. Gaýnadylan nohuda ownuk dogralan gök otlardyr ys berijiler hem goşulýar. Falafel wegetarianlaryň iň halaýan tagamlarynyň biridir.
Paştel-de-nata, Lissabon. Ýewropa yklymynyň iň günbatar şäheri bolan Lissabon binagärlik gurluşy, mozaika köçeleri we meşhur syýahatçylyk merkezleri bilen tanalýar. Portugaliýanyň paýtagt şäheriniň meşhur tagamlarynyň biri hem paştel-de-nata hasaplanýar. Özboluşly döreýiş taryhy bolan bu tagamy taýýarlamak üçin şeker, ýumurtga, un we süýt gerek. Ilkibaşda monastyr aşhanasynda bişirilip başlanan bu tagam ertirlik nahary hökmünde satylyp başlanýar. Soňlugy bilen bu süýjüligiň ýörite dükanlary açylýar. Ýewropanyň meşhur süýjülikleriniň biri bolan paştel-de-nata hoşboý tagamy we ýumşaklygy bilen tanalýar.