Türkmeniň bagşyçylyk sungaty gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan milli sungatdyr. Bu sungatyň inçe tilsimlerini öwrenmek, bagşy diýen abraýly adyň eýesi bolmak üçin birnäçe ýyl halypalary diňläpdirler. Öz şägirdiniň ussat bagşy bоlup ýetişendigine göz ýetiren halypalar оlara ak pata beripdirler. Halypa bagşylar şägirtlerine toý-tomaşaly ýerlerde dutar sowgat edipdirler.
Dutaryň şirin owazy barada gürrüň edilende, milli bagşyçylyk sungatynda öçmejek yz galdyryp giden meşhur, ägirt ussatlaryň keşpleri göz öňüňde janlanýar. Bagşyçylyk sungatynda täze öwüşginli ýerine ýetirijilik usulyny kämilleşdirmekde öz ukyplaryny, zehinlerini, zähmetini gaýgyrmadyk bu ussatlar halkyň aňynda ebedi ýaşaýarlar.
Türkmen halk aýdymlary, milli saz sungaty halkymyza mahsus özboluşly aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Dutarda ýerine ýetirilýän türkmen halk aýdymlary, ilki bilen, adamzat duýgularynyň içki dünýäsiniň çuňlugyny beýan edýär.
Dutaryň hoş owazlarynyň belentden ýaňlanmagy hem-de bu ugurda ýaş dutarçylary höweslendirmek maksady bilen, her ýyl dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşik geçirilýär. Şu ýylyň iýun aýynda bu bäsleşigiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Amangül JUMADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.