Hytaý Halk Respublikasynda sentýabr aýynda elektroulag satuwy 93,9 göterim ýokarlandy. Degişli döwürde elektroulag batareýasynyň önümçiligi bolsa, 101,6 göterim ýokarlanypdyr. Ýurtda elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň öndürilmegine we satylmagyna döwlet tarapyndan goldaw berilýär. Şeýle bolansoň, dünýäniň iň köp elektroulagy hem bu ýurtda satylýar. Bu bolsa, elektroulaglaryň iň esasy bölegi bolan batareýalaryň hem önümçiligini artdyrýar. Ýurtda dünýäniň öňdebaryjy elektroulag öndürijisi “Tesla”-nyň hem zawody bar. Mundan başga-da onlarça kompaniýanyň ululy-kiçili elektroulaglary satylýar. Köp ilatly şäherlerinde howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen bu ýurtda elektroulaglaryň has köp ulanylmagy üçin müşderiler hem höweslendirilýär.
Hytaýyň Awtoulag öndürijileri bileleşiginiň berýän maglumatyna görä, “täze energiýaly” (elektrik, gibrid we wodorod ýangyçly ulaglar şeýle atlandyrylýar) ulaglaryň batareýalarynyň önümçilik kuwwaty geçen ýylyň degişli döwründäkiden 101,6 ýokary bolup, jemi 31,6 gigawata (GW) ýetipdir. Ýurtda bir aýyň dowamynda ýurtda 708 müňe golaý elektroulag satylypdyr.
Jumanazar Annyýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy