Germaniýanyň çempionaty “Bundesliganyň” çempiony “Bawariýa” topary “Liwerpulyň” kolumbiýaly ýyldyzy Luis Diazy düzümine goşdy. Nemes topary 28 ýaşyndaky wingeriň transferi üçin goşmaça tölegleri—de hasaba alanyňda, 75 million ýewrony “Liwerpula” berer. “Bawariýa” topary Diaz bilen 4 ýyllyk şertnama gol çekişdi. Ol “Bawariýada” 14-nji belgili köýnekçäni geýer. Luis Diaz 2016-njy ýylda öz ýurdunyň “Barrankilla” toparynda futbola başlap, 2017-2019-njy ýyllar aralygynda “Atletiko Junior” klubunda oýnady. 2019-njy ýylda “Portonyň” düzümine goşulan Luis Diaz portugal klubunda 3 möwsümde 125 oýunda 41 gol geçirdi. 2021-nji ýylda 45+15 million ýewro “Liwerpula” transfer bolan Luis Diaz bu toparda 4 möwsüm çykyş etdi. Iňlis klubunda 148 oýunda 41 goly derwezä girizdi. Luis Diaz Kolumbiýanyň ýygyndysynda-da 64 duşuşykda 19 gezek tapawutlandy.