UEFA Çempionlar Ligasynda çärýek final duşuşyklaryna badalga berildi. UEFA-nyň bu ýaryşynda iň köp çärýek finala çykan 2 toparyň duşuşygynda “Bawariýa” (24 gezek) myhmançylykda “Real Madridi” (22 gezek) 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Çekeleşikli geçen oýnuň 41-nji minutynda Luis Diaz hasaby açdy. 2-nji ýarym başlap, 20 sekunt geçeninden soň Harri Keýn hasaby 2-0-a ýetirdi. Duşuşygyň 74-nji minutynda Kilian Mbappe şu möwsümdäki 14-nji goluny geçirse-de, bu ýeňşe ýetmedi.

Şunlukda, “Bawariýa” şu ýaryşda iň köp duşuşan garşydaşy “Real Madridi” 9 oýundan soň ilkinji, umumylykda 12-nji gezek ýeňmegi başardy. Soňky sapar 2012-nji ýylda garşydaşyndan üstün çykan “Bawariýa” 25 ýyldan soň “Real Madridi” “Bernabeu” stadionynda ýeňmegiň hötdesinden geldi. Soňky gezek “Bawariýa” “Realy” Madridde 2001-nji ýylyň maýynda 1-0 hasabynda utupdy.
Şol bir wagtyň özünde Harri Keýn hem “Bernabeu” stadionynda ilkinji goluny geçirdi. Duşuşykdan soň “Real Madridiň” futbolçylary 15-nji aprelde geçiriljek jogap duşuşygynda özlerine gerek bolan ýeňşi gazanmaga ynamlarynyň bardygyny bellediler. Duşuşykda “Bawariýanyň” 40 ýaşyndaky derwezeçisi Manuel Noýer 9 seýf bilen toparynyň ýeňiş gazanmagyna saldamly goşant goşdy.
PDF









