Şotlandiýadan 2-1 hasabynda ýeňiş bilen dolanan “Bawariýa” toparyna öz meýdançasyndaky jogap oýny ýeňil düşmedi. “Seltik” topary erjel oýun görkezip, olar 63-nji minutda Nikolas-Gerrit Künüň goly bilen öňe saýlandy. Ol Çempionlar Ligasynda 11 ýyldan soň “Bawariýanyň” derwezesinden gol geçiren 2-nji germaniýaly futbolçy boldy. Soňky gezek 2014-nji ýylda “Arsenaldan” Lukas Podolsi şeýle statistikanyň eýesi bolupdy. Duşuşygyň 90+4-nji minutynda Leon Goretsaknyň uran urgusynda derwezeçiden gaýdan topy tora girizen Alfonso Dewis “Bawariýa” 1/8 finalyň petegini gazandyran oýunçy boldy. Umumy hasapda 3-2 öňe saýlanan “Bawariýa” bassyr 21-nji, umumylykda-da 27-nji gezek 1/8 final çykdy. “Bawariýa” 1992/93 möwsüminden bäri Çempionlar Ligasy ady bilen geçirilip gelinýän ýaryşa diňe 5 möwsüm gatnaşyp bilmedi. Olar gatnaşan 28 möwsüminde diňe 1 gezek toparçalardan çykyp bilmändi.