UEFA Çempionlar Ligasynda tapgyryň iň esasy duşuşyklarynyň biri Parižde soňky çempion PSŽ bilen “Bawariýanyň” arasynda oýnaldy. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda nemes topary 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Münhenlilere ýeňiş getiren gollaryň 2-sini hem 4-nji we 32-nji minutlarda Luis Diaz geçirdi. Ýöne kolumbiýaly futbolçy 45+7-nji minutda gyzyl kart alyp, toparyny meýdançada 1 oýunçy kem galdyrdy. PSŽ-den Pedro Neweşiň 74-nji minutda geçiren goly ýeňşe ýeterlik bolmady. Şeýlelikde, “Bawariýa” topary ähli ýaryşlary hasaba alanyňda, şu möwsümde oýnan 16-njy duşuşygynda hem ýeňiş gazanyp, geçen hepde täzelän rekordyny ösdürdi.

Luçano Spallettini tälimçilige bellän “Ýuwentus” toparyna öz meýdançasynda “Sportingi” ýeňmek başartmady. 1-1 hasabynda deňlikde tamamlan duşuşygyň gollaryny ýer eýelerinden 34-nji minutda Wlahowiç, myhmanlardan 12-nji minutda Arauho derwezä girizdi. “Ýuwentus” toparynyň 4 duşuşykda-da ýeňşi ýok (3 deňlik, 1 ýeňliş).

“Olimpiakos” bilen PSW-niň arasyndaky duşuşyk hem 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanyp, niderlandlar 90-njy minutdan soň ýeňlişden halas boldular. Grek kluby 17-nji minutda Gelson Martinsiň goly bilen öňe geçdi. Ýöne olara Pepiniň 90+3-nji minutdaky goluna çäre tapmak başartmady.

Italiýada oýnalan ýene bir duşuşykda hem ýeňiş gazanan bolmady. “Napoli” bilen “Aýntrahtyň” arasundaky duşuşykdan gol sesi eşidilmedi.