Germaniýanyň Kubogy ýaryşynda-da çärýek finalyň ilkinji 2 duşuşygy geçirilip, “Ştutgart” öz meýdançasynda “Augsburgy” Deniz Undawyň 30-njy minutda salan ýeke-täk goly bilen ýeňdi we ýarym finala çykdy. Çekeleşikli geçen oýunda-da “Baýer” öz meýdançasynda ýene bir kembek bilen “Kölnden” üstün çykdy. Häzirki wagtda 2-nji ligada çykyş edýän “Köln” Dawns (45+10) hem-de Mainanyň (54) gollary bilen 2-0 hasabynda öňe saýlandy. Ýöne ruhdan düşmedik lewerkuzenliler kynlyk bilenem bolsa ýeňiş gazanmagy başardy. 61-nji minut we 90+6-njy minutlarda tapawutlanan Patrik Şik hasaby deňledi. Goşmaça wagtda-da, has takygy, 98-nji minutda Bonifeýs “Baýere” ýeňiş getiren oýunçy boldy. Çärýek finalyň beýleki 2 duşuşygy (“Arminiýa” – “Werder”, “Leipsig” – “Wolfsburg”) 25-26-njy fewralda oýnalar.