Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler «Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýar. Lukmançylyk ylmynda alnyp barylýan işler adamyň saglygyny dikeltmäge, berkitmäge, keselleriň öňüni almaga gönükdirilýär. Lukmançylyk reabilitasiýanyň umumy esaslarynda näsaglaryň saglygyny dikeltmek tapgyrynda ippoterapiýa (grekçe: hippo-at) hem uly orun tutýar. Gippokrat, Abu Ali Ibn Sina ýaly alymlar hem bejergide at münmegiň peýdalydygyny belläpdirler. 1971-nji ýylda filosof Deni Didro «Fiziki maşklaryň arasynda at üstünde gezelenç etmäk ilkinji orunda durýar, onuň kömegi bilen köp keseli bejermek mümkin» diýip ýazypdyr.
Ippoterapiýanyň biomehaniki täsiri näsagda täze hereket refleksleriň döremegine, deňagramlylygy saklamak ukybynyň artmagyna, hereketleriň ugrukdyrylmagynyň ösmegine getirýär. Bu hereketler myşsa toparlaryň ýygrylmagyna we gowşamagyna getirip, olar adamyň atyň üstünde ýykylman saklanmagyny üpjün edýär. At münmek adamyň ruhuny göterýär, döredijilik ukybyny, duýgularyny ösdürip, keselden saplanmagyna ýardam berýär.
Jahan ILAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.