Ýurdumyzyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler «Sag­lyk» döw­let mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Luk­man­çy­lyk yl­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ada­myň sag­ly­gy­ny di­kelt­mä­ge, ber­kit­mä­ge, ke­sel­le­riň öňü­ni al­ma­ga gö­nük­di­rilýär. Luk­man­çy­lyk rea­bi­li­ta­si­ýa­nyň umu­my esas­la­ryn­da nä­sag­la­ryň sag­ly­gy­ny di­kelt­mek tap­gy­ryn­da ip­po­te­ra­pi­ýa (grek­çe: hip­po-at) hem uly orun tut­ýar. Gip­pok­rat, Abu Ali Ibn Si­na ýaly alymlar hem be­jergide at mün­me­giň peý­da­ly­dygyny belläpdirler. 1971-nji ýyl­da fi­lo­sof De­ni Did­ro «Fi­zi­ki maşk­la­ryň ara­syn­da at üs­tün­de ge­ze­lenç et­mä­k il­kin­ji orunda durýar, onuň kö­me­gi bi­len köp ke­sel­i be­jer­mek müm­kin­» di­ýip ýa­zypdyr.
Ip­po­te­ra­pi­ýa­nyň bio­me­ha­ni­ki tä­si­ri nä­sag­da tä­ze he­re­ket ref­leks­le­riň dö­re­me­gi­ne, de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak uky­by­nyň art­ma­gy­na, he­re­ket­le­riň ug­ruk­dy­ryl­ma­gy­nyň ös­me­gi­ne ge­tir­ýär. Bu he­re­ket­ler myş­sa to­par­la­ryň ýyg­ryl­ma­gy­na we gow­şa­ma­gy­na ge­tir­ip, olar ada­myň atyň üs­tün­de ýy­kyl­man sak­lan­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. At mün­mek ada­myň ru­hu­ny gö­te­r­ýär, döredijilik ukyby­ny, duý­gu­la­ry­ny ös­dür­ip, ke­sel­den sap­lan­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär.

Ja­han ILA­MA­NO­WA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň fakultet terapiýasy kafedrasynyň assistenti.