Türk­men hal­ky­nyň müň­ýyl­lyk­lar­dan bä­ri do­wam edip gel­ýän baý me­de­ni mi­ra­sy­nyň için­de at­la­ra aý­ra­tyn orun be­ril­ýär. Be­dew güýç-kuw­wa­tyň we gö­zel­li­gi­ň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da at­çy­lyk däp­le­ri­ni tä­ze­den di­kelt­mek we ös­dür­mek ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­tyn­da ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da ýurt­da at­çy­lyk we at­çy­lyk spor­ty üçin ni­ýet­le­nen döw­re­bap des­ga­lar bi­na edil­di, äh­li we­la­ýat­lar­da at­çy­lyk sport top­lum­la­ry gu­rul­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gyn­da baş­lyk­lyk et­me­gi­niň çäk­le­rin­de «Be­dew ba­dy: güýç hem gö­zel­lik» at­ly te­le­wi­zi­on film­le­riň döw­le­ta­ra bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len gu­ra­lan bu giň ge­rim­li dö­re­di­ji­lik tas­la­ma­sy Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 35 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­lan­ýar. Bäs­le­şi­ge GDA ag­za ýurt­la­ryň we­kil­le­ri ça­gy­ryl­ýar.
Türk­me­nis­tanyň GDA-da baş­lyk­lyk ed­ýän döw­rün­de öň­de goý­lan esa­sy mak­sat­la­ryň bi­ri-de dost­luk­ly ýurt­la­ryň ara­syn­da me­de­ni, ta­ry­hy, yn­san­per­wer hem-de sport ulgamynda gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­dir. At­çy­lyk pu­da­gyn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bu ugur­la­ryň mö­hüm bö­le­gi bo­lup dur­ýar.
At­lar çe­ýe­li­gi, tiz­li­gi we çy­dam­ly­ly­gy bi­len bü­tin dün­ýä­de meş­hur­dyr. Esa­san hem, ahal­te­ke be­dew­le­ri uzyn boý­ny we tä­sin reň­ki bi­len beý­le­ki at­lar­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Bu aý­ra­tyn­lyk­lar bol­sa be­dew­le­riň owa­dan gö­rün­me­gi­ne se­bäp bol­ýar.
Ga­dy­my dö­wür­ler­de sö­weş­ler­de, uzak ýo­la gi­di­len­de be­dew­le­riň or­ny örän uly bo­lup­dyr, toý-baý­ram­la­ryň bol­sa be­ze­gi­ne öw­rü­lip­dir. Türk­men ýi­git­le­ri­niň eder­men­li­gi köp­lenç ola­ryň be­de­wi bi­len bi­le­lik­de wasp edi­lip­dir. Halk dö­re­di­ji­li­gin­de hem at bi­len bag­ly köp san­ly ro­wa­ýat­lar, des­san­lar we aý­dym­lar bar. He­re­ke­ti ýe­ňil we saz­la­şyk­ly bo­lan be­de­wiň gö­zel­li­gi şa­hyr­la­ryň we sun­gat us­sat­la­ry­nyň yl­ham çeş­me­si­ne öw­rü­lip­dir. Türk­men ha­ly­la­ryn­da, na­gyş­la­ryn­da we sun­gat eser­le­rin­de be­de­wiň keş­bi giň­den ula­ny­lyp­dyr.
«Be­dew ba­dy: güýç hem gö­zel­lik» di­ýen dü­şün­je di­ňe bir at­la­ryň fi­zi­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny däl, eý­sem, ola­ryň türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyn­da­ky, me­de­ni­ýe­tin­dä­ki we ru­hy dün­ýä­sin­dä­ki äh­mi­ýe­ti­ni hem be­ýan ed­ýär. Be­dew – güý­jüň, gö­zel­li­giň we yna­myň jan­ly ny­şa­ny­dyr.

Myrat MERDANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.