13-nji noýabrda «Hytaý dili boýunça Bütindünýä maslahat – 2025» halkara çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýeti Beijing International Studies University (BISU) (Pekin halkara ylmy-barlaglar uniwersiteti) ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rektory, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hytaý dili mugallymy gatnaşdylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilim edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Beijing International Studies University arasynda 2025-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda baglaşylan Ylym we bilim ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama esaslanýandygy bellenip geçildi.

Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine, şol sanda akademiki alyş-çalyş, hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary, dil maksatnamalaryny ösdürmek, bilelikdäki ylmy we medeni çäreleri geçirmek mümkinçiliklerine garaldy.

Şeýle-de hytaý dili mugallymlaryny taýýarlamak işinde tejribe alyşmagyň, talyplaryň dil endiklerini ýokarlandyrmagyň, emeli aňyň binýadyndaky sanly okuw platformalaryna we gorlaryna birikmegiň, şeýle hem gysga möhletleýin kämilleşdiriş we tomusky okuwlary guramagyň hasabyna hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etildi.

Çeşme:Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty