Şu gün Belarusda Prezident saýlawlary başlandy. Ses berişlik ýerli wagt bilen 08:00-dan 20:00-a çenli dowam edýär. Jemi ýurtda 5325 saýlaw uçastogy döredildi. Saýlawçylaryň sany 6 million 900 müň 504 adam, şol sanda 88 müňden gowrak raýat ilkinji gezek ses berýär.
Merkezi saýlaw topary Belarusda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşýan 5 dalaşgäri hasaba aldy. Olaryň arasynda Belarusyň häzirki Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Belarusyň Liberal-demokratik partiýasynyň başlygy Oleg Gaýdukewiç, Zähmet we adalat Respublikan partiýasynyň başlygy Aleksandr Hižnýak, telekeçi Anna Kanopaskaýa we Belarusyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň birinji sekretary Sergeý Syrankow bar.