Sagçy “Täze flaman alýans” partiýasynyň lideri, Premýer-ministr Bart De Weweriň ýolbaşçylygyndaky Belgiýanyň täze hökümeti Patyşa Filippiň huzurynda kasam kabul etdi. Belgiýanyň Ministrler kabinetiniň 14 agzasynyň De Wewer bilen bilelikde kasam edendigi bellenilýär. De Wewer niderland, fransuz we nemes dillerinde söz sözledi.
Belgiýada, 2024-nji ýylyň tomsunda, parlament saýlawlary geçirilenden bäri, dolandyryjy koalisiýa we täze hökümet döretmek baradaky gepleşiklerde ylalaşyk gazanyp bilmediler. Gepleşikler stolundaky iň kyn tema bolsa “sosial-ykdysady bukja” boldy. Taraplar goranmak, migrasiýa, howa we saglygy goraýyş ýaly meseleler boýunça has aňsat ylalaşyk gazandylar. Emma çepçi we liberal partiýalar De Weweriň Belgiýanyň býujet defisiti sebäpli maliýe serişdelerini tygşytlamak baradaky tekliplerine garşy çykansoň, gepleşikler uzaga çekdi.
Ýurt wagtlaýynça soňky saýlawlarda ýeňlişe sezewar bolup, bäşinji orna düşen Aleksandr De Kroonyň ýolbaşçylygyndaky Ministrler Kabineti tarapyndan ýolbaşçylyk edildi. 2024-nji ýylyň 9-njy iýunynda geçirilen ählumumy saýlawda “Täze flaman alýans” partiýasynyň lideri Bart De Wewer ýeňiş gazandy. Belgiýa hökümet gurmak meselesinde birnäçe gezek kynçylyklary başdan geçirdi. 12 million töweregi ilaty bolan ýurtda hökümet gurmak prosesi elmydama halkara jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Çünki bu ýurtda köp sanly halkara guramalary işleýär.
Şeýlelikde, Belgiýa 1979-njy ýyldaky saýlawlardan soň 107 gün, 1988-nji ýylda 148 gün, 2007-nji ýylda 194 gün, 2010-njy ýylda 541 gün we 2019-njy ýyldaky saýlawlardan soň 652 gün hökümetsiz galdy. 2010-njy ýyldaky saýlawlardan soň Belgiýa “parahatçylyk döwründe uzak wagtlap hökümeti bolmadyk ýurt” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.