Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlar 2035-nji ýyldan başlap, benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän ulaglaryň satuwyny çäklendirmek kararyna gelipdi. Ýewropa Bileleşiginiň Geňeşi Ýewropa Parlamenti bilen agza ýurtlaryň arasynda awtoulaglaryň kömürturşy gazynyň howa goýberilişi babatda täze ülňüleri girizmek babatda ylalaşylandygy mälim etdi. täze düzgüne görä, Bileleşige agza ýurtlar 2035-nji ýyldan başlap,  satyljak täze ulaglaryň we ýeňil ýük ulaglarynyň “nol uglerodly” bolmagy talap ediler. Şeýlelikde öndürijiler bu ýurtlarda satyljak ulaglarynyň ählisini elektrik energiýasy ýa-da wodarod ýangyçly etmeli bolarlar.

Howa goýberilýän gazyň mukdarnyň 2030-njy ýyla çenli awtoulaglarda 55 göterim, ýük ulaglarynda 50 göterim azaldylmagy maksat edinilýär.

Mundan ozal Ýewropa şäherleriniň birnäçesiniň ýerli mejlisleri 2035-nji ýyldan başlap, adaty ýangyçly ulaglaryň sürülmegini çäklendirmek barada karar kabul edipdi.

Sähragül Nazarowa, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby