1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Şanly waka mynasybetli bu ýere harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, harby ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, harby mekdepleriň okuwçylary ýygnandylar. Döwlet Baştutanymyzyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.
Gutlagda “Biz geljekde hem ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlarymyzyň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek meselelerine aýratyn üns bereris” diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar hem-de talyplaryň we mekdep okuwçylarynyň yhlasly okap, zähmet çekip, döredijilikli gözleglerde bolmalydyklaryna, Watanymyzyň şan-şöhratyny belende götermelidiklerine ünsi çekýär.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat berdi.
Soňra milli Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy ýaýbaňlandyrylýar. Onda halkymyzyň hakyky watançylygyň, edermenligiň we ýokary ynsanperwer gymmatlyklara ygrarlylygyň nusgasyna öwrülen görnükli şahsyýetleriniň keşpleri öz beýanyny tapdy. Harby orkestriň çykyşlary we Watan goragçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan watançylyk aýdymlary dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär.
Döwlet Baştutanymyz dabaraly ýagdaýda ömrüni Watana, halka gulluk etmäge bagyşlan we ildeşleriniň çuňňur hormatyna eýe bolan garry atasynyň heýkeline gül çemenini goýup, onuň ýagty ýadygärligine tagzym edýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan innowasion muzeýine barýar. Bu ýerde harby gullukçy döwlet Baştutanymyzy birnäçe bölümden ybarat muzeýiň işi bilen tanyşdyrdy. Ýaş nesli terbiýelemek işine uly goşant goşan we Beýik Watançylyk urşunyň söweşlerinde gaýduwsyzlyk, edermenlik görkezen Berdimuhamet Annaýewiň durmuş, zähmet, söweş ýoly barada gürrüň berýän taryhy gymmatlyklar, foto we wideoşekiller muzeýiň esasy aýratynlygydyr.


Muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň kakasy, hormatly Prezidentimiziň atasy, içeri işler edaralarynyň hormatly weterany Mälikguly Berdimuhamedowa bagyşlanan gymmatlyklar hem ýerleşdirilipdir. Olar döwlet Baştutanymyzyň atasynyň içeri işler edaralarynda işlän döwrüne degişli tehnikalaryň kiçeldilen nusgalarydyr we gulluk resminamalarydyr. Mälikguly aganyň ömür we zähmet ýoly häzirki döwürde ýaşlar üçin nusgalyk mekdepdir.
«Mertler Watany beýgeldýär» atly bölüm türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerine we watançylyk mekdebine bagyşlanýar. «Şöhratly geçmişden buýsançly geljege» atly bölüm Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň giň gerimli işleri barada gürrüň berýär.
Muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz okuw we dolandyryş binasynda ýerleşýän elektron kitaphana bardy hem-de kitap gaznasy, onuň enjamlaşdyrylyşy, sanly tehnologiýalaryň döwrebap mümkinçiliklerinden peýdalanmagy şertlendirýän işiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Soňra döwlet Baştutanymyz taktiki söweşe taýýarlanmak üçin niýetlenen okuw otagyna bardy. Bu ýerde harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny sanly ulgam arkaly harby okuwçylary okatmagyň aýratynlygy bilen tanyşdyrdy.
Döwrebap enjamlar, programma üpjünçiligi islendik howa, şol sanda meýdan şertlerinde taktiki we söweş hereketlerini amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu otag türgenleşigiň geçişini synlamak, taktiki taýýarlygyň netijelerine baha bermek üçin ýörite monitorlar, wirtual hakykata aralaşdyrýan äýnekler, ylgaw meýdançasy, serwer we kompýuter simulýatorlary, bronirlenen harby tehnikanyň simulýatory bilen enjamlaşdyrylandyr.
Döwlet Baştutanymyz Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň binalar toplumy bilen tanyşlygyň dowamynda 1 müň orunlyk mejlisler jaýyna baryp gördi. Soňra hormatly Prezidentimiz robototehnika otagyna bardy we harby okuwçylary robotlary hem-de uçarmansyz uçýan enjamlary dolandyrmaga taýýarlamagyň usulyýeti bilen giňişleýin gyzyklandy.
Robototehnika sapaklary geljekki Watan goragçylarynyň innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly nazary we amaly wezipeleri çözmäge gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Soňra döwlet Baştutanymyz sport toplumyndaky lazerli türgenleşik otagyna baryp, söweşjeň tilsimleri özleşdirýän harby okuwçylaryň türgenleşikleriniň guralyşy bilen tanyşdy. Bu otag toparlaýyn türgenleşikler üçin niýetlenendir. Onda ýaraglary we esbaplary saklamak üçin bölüm, esasy oýun meýdançasy bar. Türgenleşikler üçin lazer sensorly ýörite başgaplar, elektron ýaraglar, ýokary duýujylykly goranyş serişdeleri ulanylýar. Harby okuwçylar toparlara bölünip, emeli päsgelçilikleriň arasynda söweş tilsimlerini ele alýarlar.
Döwlet Baştutanymyz atyş taýýarlygyny geçmek üçin niýetlenen otaga geldi, soňra bolsa “Bodyflight” diýlip atlandyrylýan ýörite ýere bardy.
Bu ýerde durmuş hakykatyna ýakyn şertlerde paraşýutçylaryň türgenleşikleri üçin ýörite enjam oturdylypdyr. Ýöriteleşdirilen howpsuz türgenleşik enjamy dik aerodinamiki turbadan ybarat bolup, onuň içinde howa akymy döredilýär. Enjam adama uçardan bökmegiň täsirlerini duýmaga, howada durnukly saklanmaga, paraşýutçynyň hereketlerini özleşdirmäge, bu babatdaky bilimlerini kämilleşdirmäge, öz bedenini dolandyrmagy öwrenmäge mümkinçilik berýär. Paraşýutçynyň simulýatorynyň ulanylmagy türgenleşikleriň üstünlikli geçmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz harby okuwçylara paraşýutda bökmäge tälim bermek üçin niýetlenen bu enjamy ulanmagyň aýratynlyklary bilen gyzyklandy.
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binalar toplumynda zehinli ýaş Watan goragçylarynyň neslini kemala getirmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri, dürli harby hünärleri özleşdirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Bu ýerde harby okuwçylaryň bilimleri üstünlikli ele almaklary, ýaşaýşy, boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutulandyr.
Hormatly Prezidentimiz ýaş nesle bilim-terbiýe bermek meseleleriniň döwletimiz tarapyndan hemişe üns merkezinde saklanylýandygyny belläp, harby mekdebiň okuwçylaryny we mugallymlaryny täze toplumyň açylmagy bilen gutlady hem-de olara okuwda, häzirki zaman bilimlerini, innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi. Munuň özi Ýaragly Güýçlerimiziň ähli goşunlarynyň häzirki wagtda iň täze harby tehnikalar we enjamlar bilen üpjün edilýändigi nukdaýnazaryndan hem aýratyn möhüm ähmiýete eýedir.
Ýaşlar baradaky hemmetaraplaýyn aladalary, harby mekdebiň täze binalar toplumyny dabaraly açyp berendigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň, ähli harby gullukçylaryň adyndan çuňňur hoşallyk beýan edildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz okuw we dolandyryş binasyna tarap ugrady. Ýol ugruna döwlet Baştutanymyz Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiň direktoryna täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow harby bilim edarasynyň Hormatly myhmanlarynyň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.