Ýewropanyň nebit-gaz gorlaryna baý ýurdy bolan Norwegiýa arassa energiýa çeşmelerini özleşdirmekde hem öňdeligi eýeleýär. Ýurduň demirgazygyndaky deňizlerde ýel turbina fermalarynyň onlarçasy bar. Ýurduň inženerleri boýy 320 metre ýetýän has ýokary öndürijiligi bolan turbinany işläp taýýarlaýarlar. Bu beýiklik dünýä belli Eýfel diňiniň beýikligine golaýdyr. Bu iri desganyň ilki nusgalyk görnüşi işlenip taýýarlanar. Synag taslamasy, şu ýylyň dowamynda ýurduň günbataryndaky Mehuken ýel seýilgähiniň çäginde gurlar. “Wind Catching Systems” kompaniýasynyň durmuşa geçirjek taslamasy dünýäniň iň ýokary öndürijilikli ýel diňi bolar. Kompaniýanyň inženerleri täze guruljak desganyň häzirki iň uly ýel diňinden 5 esse köp elektrik energiýasyny öndürip biljekdigini öňe sürýärler. Şeýlelikde, bu desga 80 müň töweregi jaýy elektrik energiýasy bilen üpjün eder. ABŞ-nyň ENOVA maliýe kompaniýasy bu taslamanyň netijeli boljakdygyna bil baglaýar. Şeýle bolansoň, taslamany durmuşa geçirmek üçin 9,3 million norweg kronyny bölüp berdi.
2017-nji ýylda esaslandyrylan “Wind Catching Systems” kompaniýanyň merkezi edarasy Oslonyň golaýyndaky Lysaker etrabynda ýerleşýär.
Begenç Muhammetgeldiýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.