Türkmen medeniýeti, aýdym-saz sungaty dünýä hazynasynyň aýrylmaz bölegidir. Bu hakykaty dünýä hazynasynda öz mynasyp orunlaryny tapan medeni gymmatlyklarymyz bilen taýsyz zehinleri bilen ykrar edilen şahsyýetlerimiz has aýdyň tassyklaýar. Şeýle tapylgysyzy zehinleriň biri hem Medeniýet Şahberdiýewadyr diýsek, hakykatdan daş düşmesek gerek.
Manyly ömrüni opera sungatymyzyň ösmegine bagyş eden Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa bilbil owazy bilen ýurdumyzyň milli medeniýetine egsilmez goşant goşan we ony dünýäniň dürli künjeginde dabaralandyran ägirtleriň biridir. Medeniýet Şahberdiýewa doganlyk halklaryň dillerinde hem ençeme aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirip, agzybirligi, parahatçylygy şirin owazy bilen äleme ýaýdy.
«Saýrak bilbil» adyny alan halypa aýdymçy ajaýyp aýdymlary ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelenmegi we Watan mertebesini şöhratlandyrmagyň özboluşly nusgasydyr. Ussadyň Watan söýgüsinden joşgun alan ylhamy häzirki günlerimizde hem göwünlere ganat berýän owaz bolup, ýüreklere mähir, söýgi bagyşlaýar.
Doganlyk halklaryň belent sesli sungat ussatlarynyň onlarçasy tarapyndan ýerine ýetirilen «Soloweý» aýdymy Medeniýet Şahberdiýewanyň sesi bilen has-da belent ýaňlandy. Onuň bu aýdymyny diňläniňde, ýaýylyp ýatan türkmen sährasy, Hak nazary siňen keremli topragymyzyň bagy-bossanlarynda saýrap oturan bilbil göz öňüňde janlanýar. Aýdymçynyň Watan mukaddesligine bolan söýgüden doly kalbyndan joşup çykan ses belentligi türkmen ruhy bilen tebigat gözelliginiň waspyny belentden ýetirýär.
Ussat halypanyň «Aşgabat» aýdymy hem şolar ýaly akgynlydan kalplara joşgun berýän ajaýyp aýdymlaryň biridir. Halypa zenan bu aýdymyň üsti bilen ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň gözelligini, ajaýyplygyny öz diňleýjilerine ýetirmegi başarypdyr. Özem onuň ussatlygy haýsy ýurtda çykyş etse, bu aýdymy şol ýurduň öz dilinde ýerine ýetirenligindedir. Bu aýdymy diňlän ynsan hyýalynda paýtagtymyzyň al-elwan güller bilen örtülen tämiz köçelerine seýran edip, merjen şäherimiziň gözelliklerini göz öňüne getirýär.
Medeniýet Şahberdiýewanyň ussat kompozitor Nury Halmämmedowyň döreden aýdymlaryny, şeýle hem Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyna döredilen aýdymlary ýaşlaryň aňyna ýetirişinde, «Aşyr aganyň hötjetligi», «Japbaklar», «Meniň dostum Meleguş» filmlerinde aýdan aýdymlarynda, bilbil sesli zenanyň «Aýna» operasyndaky Bibiniň keşbinde, «Leýli-Mejnun» operasyndaky Leýliniň keşbinde onuň mukaddes Watana bolan çäksiz söýgüsini we ýokary ruhy ahlagyny duýmak bolýar. Ussat aýdymçy «Şasenem-Garyp», «Gowgaly gije» ýaly operalarda, şeýle hem dünýäniň nusgawy kompozitorlary tarapyndan döredilen operalarda-da üstünlikli çykyş etdi.
Medeniýet Şahberdiýewa bilen söhbetdeş bolmak bagtyna eýe bolandygym üçin onuň belent sungaty bilen bir hatarda, belent adamkärçilik häsiýetleri dogrusynda hem kelam agyz bellemek isleýärin. Medeniýet Şahberdiýewada sadalyk, kiçigöwünlilik, enelere mahsus mähremlik, şol bir wagtyň özünde-de ynsanperwerlige ýugrulan sahylyk bardy. Ol şu häsiýetleri bilen zähmet çeken bilim ojagy – Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda tälim beren talyplaryna görelde görkezýärdi. Ussat mugallymyň Atageldi Garýagdyýew, Roza Töräýewa, Kerimguly Garowow, Atajan Berdiýew, Gözel Öwezowa, Aýna Seýitgulyýewa ýaly şägirtleriniň hemmesi-de uly at-abraýa eýe bolan medeniýet, sungat ussatlary bolup ýetişdiler.
Medeniýet Şahberdiýewany ýakyndan tanadygymsaýy bu mähriban zenanyň ýüreginiň edil çaganyňky ýaly päkdigine, ýagşylyga ýugrulan beýik ynsandygyna göz ýetirýärdim. Ol döwlete, Watana, halka halal we päk zähmet bilen hyzmat etmegiň nusgasyny görkezdi. Bir gezek ol maňa: «Sungat adamsynyň gijesi-gündizi bolmaýar, ol hemişe zähmet çekmeli. Kämillige ýetmegiň ýoly daş, ýöne ol ýola ýetmek üçin irmän-arman yhlas etmeli. Watanyňy, ýurduňy, il-günüňi jan-jigerden söýmeli. Beýik sungat eserleri söýgüden döreýär» diýipdi. Halypanyň diňe şu sözleriniň özi-de biz – ýaşlar üçin watansöýüjilik sapagydyr.
Medeniýet Şahberdiýewanyň döredijilik ýoly hiç haçan ähmiýetini ýitirmejek özboluşly kitaba çalym edýär. Ol kitaba içgin aralaşdygyňça, buýsanjyň artyp, alnyňda täze bir dünýä açylýar.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Murgap etrabynyň Deňizhan şäherçesiniň kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TMÝG-niň işjeň agzasy.