Bar­se­lo­na­da­ky Mil­li su­perkomp­ýu­ter mer­ke­zi (BSC-CNS) Ýew­ro­pa­nyň iň ösen su­perkomp­ýu­ter­le­ri­niň bi­ri­ni işe gi­riz­di. «Ma­re­Nost­rum 5» at­ly komp­ýu­te­riň kuw­wa­ty or­ta de­re­je­dä­ki 380 müň ýan­komp­ýu­te­riň­kä de­ňe­çer. Su­perkomp­ýu­te­riň açy­lyş da­ba­ra­sy­na ýur­duň Hö­kü­met Baş­ly­gy Ped­ro San­çes hem gat­naş­dy. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len gur­lan des­ga­nyň 50 gö­te­ri­mi Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi, 35,13 gö­te­ri­mi Is­pa­ni­ýa, 9,87 gö­te­ri­mi Tür­ki­ýe we 5 gö­te­ri­mi Por­tu­ga­li­ýa ta­ra­pyn­dan ma­li­ýe­leş­di­ril­di. Bu des­ga 20 ýyl ozal gur­lan il­kin­ji nus­ga­syn­dan 10 müň es­se güýç­lü­dir. «Ma­re­Nost­rum»-yň yl­my bar­lag­lar­da uly müm­kin­çi­lik­le­ri hö­dür­le­jek­di­gi bellenildi. Komp­ýu­terde eme­li aň­dan peý­da­la­ny­lmagy yl­my bar­lag­la­ry has tiz wagt­da ge­çir­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Komp­ýu­ter gur­lan­da «Le­novo», IBM, «In­tel» we «Nvidia» ýa­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň teh­no­lo­gi­ýa­syn­dan peý­da­la­ny­lyp­dyr.