Hä­zir­ki wagt­da mil­li bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, giň göz­ýe­tim­li, in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan baş çy­kar­ýan, bi­lim­li ýaş­la­ry ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ba­bat­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýa­kyn­da ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de ýur­du­my­zy yl­my taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek üçin yl­my-bar­lag iş­le­ri­ni do­wam et­dir­me­giň, bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­me­giň, ýur­du­myz­da ça­ga­la­ryň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­mak­la­ry, ýaş nes­liň uky­by­ny, ba­şar­ny­gy­ny ýü­ze çy­kar­mak we ös­dür­mek üçin bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­dy. Okuw me­ýil­na­ma­la­ry­ny, mak­sat­na­ma­la­ry­ny, okuw ki­tap­la­ry­ny ösen hal­ka­ra tej­ri­bä la­ýyk­lyk­da döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­dir­me­giň ze­rur­dy­gy­nyň hem aý­ra­tyn nyg­tal­ma­gy, or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de mu­gal­lym­la­ryň iş­le­ri­niň has-da saz­la­şyk­ly al­nyp ba­ryl­ma­gy­na ýar­dam be­rer.
Döw­rüň be­dew bat­ly ösüş­le­ri hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da tä­ze üs­tün­lik­ler, ro­waç­lyk­lar bi­len has-da öňe iler­le­ýär. Şeý­le ösüş­le­riň esa­sy da­ýan­jy bol­sa bag­ty­ýar ýaş­lar­dyr. Türk­men ýaş­la­ry be­ýik mak­sat­la­ra ta­rap ynam­ly öňe bar­ýan eziz Di­ýa­ry­myz­da oka­ýar­lar, hü­när öw­ren­ýär­ler, öz­le­ri­ne bil­di­ril­ýän be­lent yna­ma my­na­syp jo­gap ber­mä­ge ça­lyş­ýar­lar.
Ta­ry­hy äh­mi­ýet­li ösüş­dir öz­ge­riş­le­riň ýo­ly bi­len öňe bar­ýan ýur­du­myz­da ylym-bi­li­mi ös­dür­mä­ge, ýaş­la­ry döw­re­bap ruh­da ter­bi­ýe­le­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­ler bi­lim ul­ga­my­ny hem gur­şap al­ýar. Ýur­du­my­zyň or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan giň­den peý­da­la­nyl­ma­gy ýaş­la­ryň düýp­li bi­lim al­ma­gy­na, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni kä­mil öz­leş­dir­me­gi­ne uly ýar­dam ed­ýär. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de san­ly bi­li­mi ös­dür­mek, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni kä­mil bil­ýän ýaş­la­ryň tä­ze nes­li­ni ke­ma­la ge­tir­mek ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri­ne öw­rül­di. Ne­ti­je­de, ýur­du­my­zyň bi­lim ojak­la­ryn­da be­ril­ýän bi­li­miň hi­li ýo­kar­lan­ýar.
Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, şeý­le hem mag­lu­mat-te­le­kom­mu­ni­ka­si­on ul­gam­la­ryň ös­me­gi ýaş­la­ra ze­rur bo­lan mag­lu­mat­la­ry öz­leş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Gel­jek­ki hü­när­men­le­riň zäh­met işi bi­len gö­nüden-göni bag­ly bo­lan öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­lar­da iş­le­me­gi üçin da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni bil­me­gi ze­rur­dyr. Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň, öw­ret­me­giň iň tä­ze ugur­la­ry ke­ma­la gel­ýär, çün­ki san­ly ul­ga­myň ös­me­gi bi­len, okat­ma­gyň we bi­lim ber­me­giň usu­ly­ýe­ti kä­mil­leş­ýär.
Da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni öw­ren­mek­de teh­ni­ki se­riş­de­le­riň yzy­gi­der­li ula­nyl­ma­gy hä­zir­ki döw­rüň ta­la­by­dyr. Olar ta­lyp­la­ryň gep­le­şik ba­şar­nyk­la­ry­nyň we en­dik­le­ri­niň ös­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Ol teh­ni­ki se­riş­de bi­len da­şa­ry ýurt di­li­niň ha­ky­ky nus­ga­sy bi­len ta­nyş­ýar. Teh­ni­ki se­riş­de bi­len ol öz söz­leý­şi­ni de­ňeş­di­rip gör­mä­ge, ýal­ňyş­la­ry­ny dü­zet­mä­ge müm­kin­çi­lik tap­ýar, ne­ti­je­de bu ugur­da bar bo­lan bi­lim­le­ri­ni kä­mil­leş­dir­ýär. Teh­ni­ki se­riş­de­ler sa­pak­la­ryň has çalt dep­gin­de we gy­zyk­ly geç­me­gi­ne, okuw mag­lu­ma­ty­nyň göw­rü­mi­ni gi­ňelt­mä­ge amat­ly şert dö­red­ýär.
Türk­men ýaş­la­ry ýur­du­my­zyň ylym-bi­lim ul­ga­myn­da üs­tün­lik ga­za­nyp, be­lent sep­git­le­re ýe­tip, ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni has-da be­len­de gö­ter­ýär­ler. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny has-da kä­mil­leş­dir­mek, äh­li pu­dak­la­ra san­ly ul­ga­my or­naş­dyr­mak ýa­ly asyl­ly baş­lan­gyç­lar jem­gy­ýe­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün et­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak uly güýç bo­lup dur­ýar.
Bi­lim ul­ga­myn­da ýo­ka­ry de­re­je­le­re eýe bo­lan ýur­du­myz dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len gat­na­şyk­la­ry yzy­gi­der­li gi­ňeld­ýär. Bu bol­sa türk­men ýaş­la­ry­nyň hä­zir­ki za­man yl­my­ny çuň­ňur öw­ren­mek­le­ri­ne, şeý­le-de da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni ne­ti­je­li öz­leş­dir­mek­le­ri­ne giň­den ýar­dam ed­ýär.

Nö­ker­gu­ly AŞY­ROW,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.