Te­bi­gy ga­zyň sarp edi­li­şi gör­ne­tin azal­dy

54

Ýew­ro­pa­da ge­çen ýyl gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň has köp ula­nyl­ma­gy ne­ti­je­sin­de tebigy gazyň sarp edilişi soň­ky 10 ýy­lyň iň pes de­re­je­si­ne çen­li azal­dy. Ener­gi­ýa yk­dy­sa­dy­ýe­ti we ma­li­ýe sel­je­riş ins­ti­tu­ty­nyň (IEE­FA) mag­lu­ma­ty­na gö­rä, soň­ky 2 ýyl­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň te­bi­gy ga­za is­le­gi 20 gö­te­rim aza­lyp­dyr. Ga­zyň sarp edi­li­şi­niň azal­ma­gy­na Ger­ma­ni­ýa, Ita­li­ýa we Ang­li­ýa döw­let­le­ri­niň tä­si­ri uly bo­lup­dyr. Mag­lu­mat­da ýurt­la­ryň su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz inf­rast­ruk­tu­ra­sy­na ma­ýa goý­ma­gy­ny do­wam eden­dik­le­ri bel­le­nil­di. Ge­çen ýy­lyň few­ra­lyn­dan bä­ri 8 ter­mi­nal işe gi­ri­zi­lip­dir. 2030-njy ýy­la çen­li 13 tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.

Aý­gö­zel KÖ­ME­KO­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.