Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bilim ulgamynda uly özgertmelere badalga berildi. Hut şu nukdaýnazardan, ýaşlaryň ruhy-ahlak taýdan sagdyn ösüp ýetişmegi, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, işine ussat, milli we dünýä ylmynyň inçe syrlaryndan baş çykarmagyň hötdesinden gelýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Jemgyýeti ösdürmegiň kuwwatly hereketlendiriji güýji hökmünde ylym ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm orny eýeleýär, ata Watanymyzyň dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryna goşulmagynda esasy şertleriň biri bolup durýar.
Bu gün Garaşsyz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik ynamyndan egsilmez güýç-gaýrat alýan ýurdumyzyň ýaş nesilleri ylymly-bilimli bolup, ösen tehnikalara erk etmekde, ylmy gözleglerde öň hatarlarda bolmakda erjellik görkezýärler. Döwlet we halkara derejelerinde geçirilýän taslamalarda, ylmy bäsleşiklerde, olimpiadalarda ýaşlarymyzyň ýokary netijeleri gazanmaklary hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýaş nesle pederlerimiziň watanperwerlik nusgasynda, häzirki zaman dünýäsiniň ösen talaplaryna laýyklykda, bilim başarnyklaryny bermek babatda alyp barýan syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda geçirilýän halkara ylmy maslahatlardyr bilim olimpiadalarynyň ähmiýeti has uludyr. Üstümizdäki ýylyň fewral-mart aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar we okuw-usuly maslahatlar geçiriler. Bu çäreler Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň çäklerinde guralar. Olar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Türkmenistanyň BMG-niň agzalygyna kabul edilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli geçiriler.
28-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Dil – hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm serişdesi» atly halkara okuw-usuly maslahaty geçiriler. 10-15-nji martda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny, 18-nji martda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda materiallaryň garşylygy dersinden IV Açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Maslahatlara we olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, RF-niň, ABŞ-nyň, HHR-iň, Koreýa Respublikasynyň, BAE-niň, Awstriýanyň, GFR-iň, Rumyniýanyň, Türkiýäniň, Belarus Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň we beýleki döwletleriň abraýly bilim ojaklarynyň zehinli ýaşlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bu çäreler ylym-bilim babatda halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, dürli ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berer.
Umuman, ýurdumyzda bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy döwletimizde bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Ýurdumyzda ylmyň, tehnikanyň, sanly ykdysadyýetiň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna şaýatlyk edýär. Bilimli, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Sowatly ýaşlary kemala getirmekde mugallymlara uly jogapkärçilik düşýär.
Sanly tehnologiýalaryň ulanylmagy ýokary hilli bilim bermäge mümkinçilik döredýär. Şeýle üstünliklere eýe bolmak üçin jogapkärli zähmet çekip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde asylly işler durmuşa geçirilýär.
Sähergül ABDYLOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
uly mugallymy.