Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwrebap bilim özgertmeleri röwşen geljegimiz bolan çagalaryň, ýaşlaryň kämilligini, döwrebap bilimlerini üpjün edýär. Ylym-bilim mümkinçilikleriniň ýokary derejesi bu ulgamyň merkezlerine ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary bilen üpjün edilýär. Ýaşlara berilýän bilimiň ýokary derejede bolmagyny gazanmaga hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça bitewi ulgamyň bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmekleri, olaryň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmen bolup ýetişmekleri ugrunda irginsiz tagalla edilýär. Dünýä dillerini bilmek bilen ýaşlarymyz dünýäniň ylmy maglumatlaryny tiz özleşdirýärler. Şonuň üçin hem sanly ulgam boýunça hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär. Ýaş nesillerimiz sanly ulgama, kompýuter tehnologiýasyna, robot tehnologiýasyna oňat düşünýärler. Bu babatda takyk we tebigy bilimleriň özleşdirilmegine uly ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Bilim babatda amala aşyrylýan innowasion özgertmeleriň barşynda ylym-bilim ulgamynyň öňünde durýan wezipeleriň çägi barha giňeýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bilim ulgamyny kämilleşdirmekde yzygiderli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerinde dürli ders bäsleşikleri geçirilýär. Netijede, zehinli, bilim almaga hyjuwly nesil kemala gelýär. Ýakynda ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşikde mekdebimiziň okuwçylary üstünlikli çykyş etdiler. Bäsleşigiň şäher tapgyrynda matematika, biologiýa dersinden okuwçylarymyzyň 6-sy öňdäki orunlary eýelemegi başardylar. Esasan hem, matematika dersinden mugallym Gülälek Amanbaýewanyň taýýarlan okuwçylary aýratyn saýlandylar.
Ýaşlaryň bilimi, zehini röwşen geljegimizi üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi çuňňur öwrenýän ýaşlaryň ümzügi ileri. Okuwçylar dünýäniň iň bir döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen mekdeplerde bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny artdyrýarlar. Döwrebap bilim almak, ussat hünärmen bolup ýetişmek ýaşlaryň ýeke-täk arzuwy. Ýurdumyzda ýaşlaryň bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikleriň döredilmegi belent üstünlikleriň binýadynyň berkdigini görkezýär. Ýaşlar Watanyň, halkyň geljegi. Ylym-bilimiň ilkinji basgançagy bolsa, bilim ojaklaryndan başlanýar. Biz – mugallymlar Watanyň, halkyň geljegi, daýanjy bolan ýaşlary terbiýeläp we ösdürip ýetişdirmekde bilimimizi, zehinimizi, başarnygymyzy gaýgyrmarys. Häzirki ajaýyp döwrümizde bagtyýar geljegimiz barada çuňňur alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Ogulşat AÝMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň mugallymy.
PDF









