Bilimler we talyp ýaşlar gününde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasy boldy. Uniwersitetiň binalar toplumy 9 gatly baş binany, 4 sany okuw binasyny, 2 sany her biri 300 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyny, mejlisler zalyny, kitaphanany, naharhanany, ýapyk we açyk sport desgalaryny özünde jemleýär. Täze bilim ojagynyň okuw maksatnamalary esasynda ýaşlara döwrebap tejribeler, telekeçiligiň hukuk we işewürlik esaslary, sanly tehnologiýalar eýýamynyň möhüm bilimleri öwrediler. Uniwersitetde bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy, professor-mugallymlaryň netijeli işlemegi üçin ähli şertler bar.
Şeýle-de täze okuw ýylynyň başynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi bizi diýseň buýsandyrdy. Institutyň täze desgalarynyň hatarynda 2 müň orunlyk täze goşmaça okuw binasy, 800 orunlyk umumyýaşaýyş jaýy, ýapyk görnüşli sport desgasy bar. Goşmaça okuw binasynda her biri 50 we 80 orunlyk umumy okuw otaglarynyň 18-si, 28 sany amaly okuw otagy, 6 kompýuter, 6 lingafon otagy, 57 sany okuw-tejribehana otagy ýerleşdirilendir. Bulardan başga-da, bu ýerde «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi, muzeý, ýaş alymlar otagy, kitaphana, elektron kitaphana, uly we kiçi IT meýdançalary, kibersport otagy, robot tehnikasy we emeli aň okuw otagy, 500 orunlyk mejlisler jaýy, kiçi mejlisler jaýy, döredijilik merkezi hereket edýär.
«Ýaş nesilleri mynasyp terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek döwletimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim ulgamyny geljekde hem yzygiderli ösdüreris we kämilleşdireris» diýip belleýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklary üçin ökde hünärmenleri taýýarlaýan Döwlet energetika institutynda «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi döredildi. Bu merkezde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmek, ylmy-tehniki barlaglary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmek üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Häzirki wagtda bu ylmy-önümçilik merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary esasynda kabul edilen döwlet maksatnamalaryndaky wezipeleri durmuşa geçirmekde ylmyň esasy ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
«Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi, institutymyzda taýýarlanylýan hünärmenleriň hünär derejelerini has-da ýokarlandyrmaga, ösen tehnologiýalar bilen içgin tanyşmaga, energiýa tygşytlaýjy enjamlary önümçilik pudaklaryna ornaşdyrmagyň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmäge mümkinçilik döredýär.
Bu merkezde ornaşdyrylan enjamlar dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň önümleri bolup, hakyky tebigy howa şertlerini emeli usulda döretmäge, ýük şertlerini simulasiýa etmäge, şöhlelenme we temperatura ýaly dürli faktorlara baglylykda Gün panelleriniň, ýel turbinasynyň öndürijiligini kesgitlemäge, olaryň tehniki aýratynlyklaryny çuňňur öwrenmäge, gorag funksiýalaryny, fotoelektrik Gün we ýel stansiýalar ulgamlaryny elektrik toruna we «akylly» tor düşünjelerine integrasiýasyny öwrenmäge, derňemäge, şeýle hem akkumulýator batareýalarda energiýany saklamagyň aýratynlyklaryna baha bermäge, özbaşdak elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň şertlerini öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Soňky ýyllarda ýokary okuw mekdeplerinde bakalawr we magistr derejelerinde bilim bermegiň döwrebap usullarynyň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýaşlara bilim bermegiň häzirki zaman netijeli usuly bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, zerur hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen, bakalawr we magistr maksatnamalary boýunça täze ugurlar yzygiderli açylýar. Ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym we bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň esasy ýol-ýörelgesine öwrülmek bilen, ylmy-barlag işlerini we taslamalary ýerine ýetirmekde giň mümkinçiliklere ýol açylýar. Ylmy ösdürmek, onuň hilini täze, has ýokary sepgitlere çykarmak, ýurduň tehniki-ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkyň medeni derejesini hem-de maddy üpjünçiligini ýokarlandyrmak bilen ýurdumyzyň dünýä derejesindäki abraýyny belende göterýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralanýan ýylynda ýurdumyzda uly işler amala aşyrylýar. Berkarar ýurdumyzda halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Mähriban Orazberdiýewa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri.