Häzirki wagtda innowasion tehnologiýalar bilim ulgamynda giňden peýdalanylýar. Bu bolsa talyplaryň we okuwçylaryň bilim derejesiniň ösmegine getirýär.
Hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýurdumyzda ýaşlaryň döwür bilen aýakdaş gitmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň häzirki zaman tehnologiýasyndan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerine we olaryň bilim derejeleriniň has-da kämilleşmegine uly üns berilýär. Ähli okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigi, ýaşlaryň iň kämil tehniki serişdelerden, internet torundan peýdalanmaklaryna giň ýoluň açylýandygy munuň aýdyň mysalydyr. Döredilýän mümkinçiliklerden üstünlikli peýdalanýan ýaşlarymyz dürli ugurlar boýunça geçirilýän halkara bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýärler.
Häzirki wagtda ýurdumyzda türkmen talyplarynyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda olimpiadalary guramaga hem-de geçirmäge taýýarlyk görülýär, olar ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam eder.
23–28-nji aprel aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda III Açyk halkara matematika olimpiadasyny ilkinji gezek Aşgabat şäherinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda 12-nji aprelde makroykdysadyýet, 16-njy maýda dünýä ykdysadyýeti dersleri boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny sanly ulgam arkaly geçirmek meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda amala aşyrylýan işler sanardan köp. Ýaşlaryň aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn bolup kemala gelmegi üçin, şeýle-de dünýä derejesindäki ýokary bilimiň eýesi bolmagy ugrundaky tagallalar bu gün öz netijesini görkezýär. Muňa türkmen ýaşlarynyň dünýä derejesindäki bilim we sport ulgamyna degişli bäsleşikdir olimpiadalarda baýrakly orunlary eýeleýändikleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, ylmyň we tehnologiýanyň döwrebap ösüş meýilleri göz öňünde tutulyp, ýaş türkmenistanlylara kompýuter we internet ulgamynda täze ylmy taglymatlary, tehnologik tejribelerini öwrenmäge ýardam bermek, türkmen nesillerinde innowasion serişdelerden peýdalanmagyň ýokary medeniýetini terbiýelemek, internet ulgamynyň işleriniň elýeterli bolmagyny gazanmak ugrunda oňyn işler durmuşa geçirilýär.
Ýokary intellektual mümkinçiliklerine eýe bolan ýaşlar zehinlilik, ünslülik, döredijilik dünýäsi bilen düýpli durmuş-jemgyýetçilik özgertmelerinde, dünýä ösüş tejribesini öwrenmekde we önümçilige ornaşdyrmakda öňdebaryjylaryň hataryna goşulýarlar. Döwrüň talaplaryndan, ýaşlar syýasatynyň maksatlaryndan ugur alýan ýaşlar dünýä ýurtlarynda parahatçylygyň, halklar arasynda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna mynasyp goşant goşmagy mukaddes borç edinýärler.
Ogulgözel ATAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymy.