Dünýä belli amerikan işewüri Bill Geýts tomusda okamak üçin kitaplaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl ol öz terjimehalyny gürrüň berýän ýazyjylaryň kitaplaryny okamagy maslahat berdi. Kitaplaryň her birinde öňegidişlik, adamkärçilik we kynçylyklary ýeňip geçmek temalary ileri tutulýar.
«Şahsy kyssa» (Personal History), Ketrin Grem.
Ketrin Grem adamsy ýogalandan soň, «The Washington Post» gazetine redaktorlyk edýärkä gabat gelen kynçylyklary barada gürrüň berýär. Geýts bu kitaby çydamlylygyň, öňdebaryjylygyň we edermenligiň mysaly hasaplaýar.
«Umydyň kowgusynda»
(Chasing Hope), Nikolas Kristof.
Kitabyň awtory öz ömrüni garyplyga we kesellere garşy göreşe bagyşlaýar. Kitapda dünýäniň iň kyn ýerlerinde işlän žurnalistiň şahsyýet hökmünde kemala gelşi barada gürrüň berilýär. Geýts awtoryň özüne «Gates Foundation» gaznasyny döretmäge sebäp bolandygyny ýazýar. Ol, aýratynam, awtoryň umyt ýok ýaly görnen ýagdaýlarda-da, umytdan düşmän tagallalaryny dowam etdirişine ýokary baha berýär.
«Okumyş» (Educated), Tara Westower.
Awtor köne pikirli maşgalada ulalýar. Muňa garamazdan, ol özbaşdak okap, kolleje okuwa girýär, soňra Kembrijde doktorlyk derejesini alýar. Geýts onuň başdan geçirenlerini bilimiň hem güýçli erkiň kynçylyklary ýeňip geçip biljekdiginiň mysaly hasaplaýar.
«Reňksiz» (Born a Crime), Trewor Noa.
Awtor özüniň GAR-daky çagalyk ýyllary barada gürrüň berýär. Ol aparteid ýyllarynda dünýä inýär. Geýts bu kitaba hem şadyýan, hem gynançly diýip baha berýär. Ol Noanyň başyndan geçiren agyr günlerini gülki bilen gürrüň berýändigini belleýär.
«Ýeňliş» (Surrender), Bono.
Terjimehal eserinde Irlandiýadan aýdym-saz toparynyň wokalistiniň ýetginjeklikden tä belli sazanda bolýança başdan geçirenleri barada gürrüň berilýär. Geýts bu kitapdan köp täze zatlary öwrenendigini ýazýar. Ol kitabyň işiňe bolan wepalylygy açyp görkezýändigini aýdýar. Geýtsiň pikiriçe, bu kitap diňe bir aýdym-saz muşdaklaryny däl, eýsem, hemmeleri ruhlandyrýan eserdir.
Bahar Annaýewa,
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymy.