«BBC Maestro» platformasyndaky bilim taslamasyna gatnaşdyrmak maksady bilen emeli aň arkaly Agata Kristini «janlandyrarlar». «Iňlis ýazyjysynyň sanly awatary ýazyjylyk ussatlygy boýunça sapak berer» diýip, «The Independent» gazeti habar berdi. Taslama aktrisa Wiwýen Kin gatnaşar. Ol Kristiniň keşbini dikeltmäge kömek eder. Awtora aňrybaş meňzeşlik bolsa, şekilleri döredýän emeli aňyň kömegi bilen gazanylar. Detektiw žanr boýunça nusgawy ýazyjynyň sesi saklanyp galan ses ýazgylarynyň esasynda dikeldiler.
Sapak «BBC Maestro» onlaýn platformasynda ýerleşdiriler. Sapaklaryň mazmuny ýazyjynyň eserlerine we arhiw söhbetdeşliklerine esaslanar. Hünärmenler onuň hekaýanyň gurluşyna, keşpleri döretmeklige we sýužeti ösdürmeklige bolan çemeleşmesini görkezerler. Jemi 11 sapak geçilip, hersiniň dowamlylygy 20 minutdan az bolmaz.
Agata Kristi (1890–1976) 60-dan gowrak romanyň awtory. Ol detektiw žanry boýunça dünýäniň iň meşhur ýazyjylarynyň biridir. Onuň eserleri adamzat taryhynda Injilden we Şekspiriň eserlerinden soň iň köp neşir edilen kitaplara öwrüldi. Kristiniň kitaplary 4 milliarddan gowrak nusgada çap edildi we dünýäniň 100-den gowrak diline terjime edildi.
Mergen Gurbannazarow,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa
gullugynyň harby gullukçysy, podpolkownik.