Dünýäniň iň uzaga çeken laboratoriýa tejribeleriniň biri Awstraliýada bir asyra golaý wagtdan bäri dowam edýär. Alymlar onda guýguçdan süýnüjiligi ýokary bolan suwuklyk diýlip atlandyrylýan şepbigiň damyşyny syn edýärler. Göräýmäge bu şepbik gaty jisim bolup, geçirilýän tejribede şeýle häsiýetdäki bitum maddasy ulanylýar. Bu tejribe 1927-nji ýylda Brisbendäki Kwinslend uniwersitetinde fizik Tomas Parnelliň şepbigi guýguja guýup, 1930-njy ýylda hem onuň düýbüni kesmegi esasynda başlaýar. Şol günden bäri hem ol madda haýaldan akyp başlaýar. Otag temperaturasynda bu madda gaty halda görünýär, emma aslynda ol şepbeşikligi suwdan takmynan, 100 milliard esse ýokary bolan suwuklykdyr. Bu tejribede ilkinji damjanyň dammagy üçin tejribä gatnaşyjylar 8 ýyl garaşdylar. Iň soňunda hem 1938-nji ýylyň soňunda garaşylan damjalar damdy. 1980-nji ýylda bu barlaghanada serginlediji gurnalandan soň, bu proses örän haýallady. Guýgujyň düýbüniň kesilenine 96 ýyl wagt geçendigine garamazdan, ondan bary-ýogy 9 damja damdy. 9-njy damja 2014-nji ýylda, 10-njy damjanyň hem 2020-nji ýylda dammagyna garaşdylar. Emma ol heniz dammady. Damja damanyna hiç kim şaýat bolup bilmedi. Bu synag häzirki wagtda göni ýaýlymlarda görkezilýär. Bu tejribä 1961-nji ýyldan bäri fizik Jon Meýnstoun gözegçilik edýär. Tejribe üçin Jon Meýnstoun we merhum Tomas Parnell degişli synag üçin Nobel baýragynyň öýkünmesi bilen sylaglandy. Häzirki wagtda dünýäde iň uzak dowam edýän barlaghana synagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan bu synaga professor Endrýu Waýt gözegçilik edýär.

Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.