Dabaranyň ahyrynda bolsa ussat aktýor Billi Kristal bilen tanymal aktrisa Meg Raýan 97-nji Oskar baýraklarynyň iň gowy filmini mälim etdiler. Olaryň bilelikde açan bukjasyndan “Anora” filminiň ady çykdy. Şunlukda, Şon Beýker 4-nji gezek, filmiň ähli döredijilik topary bilen sahna çykyp, taryhy pursaty başdan geçirdi. Ol bir Oskar dabarasynda bir film bilen 4 heýkeljik gazanan ilkinji kino sungatynyň wekili hökmünde hasaba alyndy. Ol Wolt Disneýden soň bir dabarada Oskar baýraklarynyň 4-sini gazanan 2-nji şahsyýet boldy. Wolt Disney 1953-nji ýylda 4 dürli ekran eseri bilen 4 heýkeljik gazanypdy.
