Germaniýanyň çempionaty “Bundesligada” 15-nji tapgyrda Şalke topary öz meýdançasynda “Hoffenhaýmdan” 4–0 üstün çykdy. Duşuşykda gelzenkirhenlileriň 3 goluny 19 ýaşyndaky amerikaly oýunçy Mettýu Hopp derwezä girizdi. Ol “Bundesligada” het-trik eden ilkinji amerikaly futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Şeýle-de, 30 oýunda bäri “Bundesligada” ýeňiş gazanyp bilmän gelýän “Şalke” şu möwsümde ilkinji gezek ýeňiş gazandy. Topar soňky gezek “Bundesligada” mundan 1 ýyl ozal ýeňiş gazanypdy, Has takygy, geçen ýylyň 17-nji ýanwarynda “Borussiýa M” toparyny 2–0 ýeňen “Şalke” toparyna şondan bäri geçiren 30 duşuşygynda ýeňiş gazanmak başartmandy. “Şalke” topary ýene-de 1 oýunda ýeňiş gazanyp bilmedik bolsa, onda ol “Tasmaniýa” toparynyň (1965/66) 31 oýunlyk antirekordyna şärik bolardy.