1945-nji ýy­lyň 24-nji okt­ýab­ryn­da dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek we döw­let­le­riň bi­ri-bi­ri­ne bo­lan yna­my­ny dö­ret­mek mak­sa­dy bi­len, iri hal­ka­ra gu­ra­ma – Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy dö­re­dil­ýär. Bu se­ne 1971-nji ýyl­da hal­ka­ra baý­ram­çy­lyk – Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň gü­ni hök­mün­de yk­rar edil­ýär. Il­ki­baş­da 51 ag­za bi­len dö­re­di­len gu­ra­ma hä­zir­ki wagt­da 193 döw­let ag­za bo­lup dur­ýar. Hal­ka­ra gu­ra­ma Baş As­samb­le­ýa, Howp­suz­lyk Ge­ňeşi, Yk­dy­sa­dy we Dur­muş Ge­ňe­şi (ECOSOC), Hal­ka­ra Ka­zy­ýet hem-de Sek­re­ta­ri­at ýa­ly dü­züm­ler­den yba­rat­dyr. Dur­nukly Ösüş Mak­sat­la­ry­ny (17 ugur) alyp bar­ýan bu gu­ra­ma dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mekde uly or­ny eýe­le­ýär. Dün­ýä­de mil­li­on­lar­ça ada­ma azyk we luk­man­çy­lyk kö­me­gi­ni ber­ýän hal­ka­ra gu­ra­ma­nyň ştab-kwar­ti­ra­sy Nýu-Ýork şä­he­rin­de, Ýew­ro­pa­da­ky mer­ke­zi Že­ne­wa şä­he­rin­de hem-de Mer­ke­zi Azi­ýa üçin öňü­ni alyş diplo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ýer­leş­ýär. BMG-niň
6 sa­ny res­mi di­li (arap, hy­taý, iň­lis, fran­suz, rus we is­pan) bo­lup, hal­ka­ra fo­rum­lar­da şu dil­ler­de çy­kyş edil­ýär.
Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­na ag­za­ly­ga ka­bul edi­len gü­nün­den bä­ri, sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy, daş­ky gur­şaw, me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy alyp bar­ýar. Şu gün­ler BMG-niň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 80 ýyl­ly­gy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly
30 ýyl­ly­gy hal­ka­ra de­re­je­de ulu­dan toý­lan­ýar. Baý­ram­çy­lyk çä­re­le­rin­de hem-de da­ba­ra­lar­da Türk­me­nis­tan bi­len BMG-niň ara­syn­da­ky kö­pu­gur­ly hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy üp­jün et­mek bi­len bag­ly Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man
Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan al­nyp ba­ryl­ýan dün­ýä de­re­je­sin­dä­ki iş­le­riň was­py ýe­ti­ril­ýär.
Ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len 2025-nji ýyl BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» diý­lip yg­lan edil­di. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da iki mö­hüm se­nä­niň – BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len üç ge­zek yk­rar edi­len Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy­nyň hem-de Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň esas­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň 80 ýyl­ly­gy­nyň ga­bat gel­me­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr.
BMG-niň ştab-kwar­ti­ra­sy Nýu-Ýor­kuň Man­het­ten et­ra­byn­da Gün­do­gar der­ýa­sy­nyň ke­na­ryn­da 1949-1952-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­rul­ýar. Bi­na­lar top­lu­my­nyň çä­gin­de Sek­re­ta­ria­tyň ja­ýy, 1800 orun­lyk Baş As­samb­le­ýa­nyň za­ly, Mas­la­hat­lar ja­ýy, Dag Ham­marş­ýold adyn­da­ky ki­tap­ha­na bar. Top­lu­myň how­lu­syn­da dün­ýä ýurt­la­ry­nyň par­la­ýan baý­dak­la­ry­ny we dür­li ýurt­lar­yndan ge­ti­ri­len sun­gat eser­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Bu top­lum hal­ka­ra çäk ha­sap edi­lip, hal­ka­ra dip­lo­ma­ti­ýa­nyň mer­ke­zi­dir.
BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň il­kin­ji mej­li­si 1946-njy ýy­lyň 10-njy ýan­wa­ryn­da Lon­don­da açyl­ýar. Baş As­samb­le­ýa­nyň ses­si­ýa­la­ry il­ki Lon­don­da, soň­ra Pa­riž­de ge­çi­ril­ýär. 1952-nji ýyl­dan soň­ra bol­sa, her ýyl di­ýen ýa­ly, Nýu-Ýork­da­ky ştab-kwar­ti­ra­da ge­çi­ri­lip baş­lan­ýar. Gu­ra­ma­nyň esa­sy we­zi­pe­si hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy sak­la­mak­dan, adam hu­kuk­la­ry­ny go­ra­mak­dan, yn­san­per­wer kö­mek­le­ri­ni ug­rat­mak­dan, dur­nuk­ly ösü­şi we kli­ma­tyň üýt­ge­me­gi­niň öňü­ni al­ma­ga gol­daw ber­mek­den yba­rat­dyr.