Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy 2026-njy ýylyň 25-nji fewralyndan başlap, migrasiýa ulgamynda sanly formata geçilendigini habar berdi.
Indi ýurda girmek üçin wiza talap edilýän ähli daşary ýurt raýatlary diňe elektron wiza (eVisa) alarlar. eVisa ozal pasporta ýelmenýän wiza nakleýkasynyň (vignette) ýerini tutdy.
Wiza statusy baradaky maglumatlar Birleşen Patyşalygyň immigrasiýa gulluklarynyň ulgamynda sanly formatda saklanýar.
Ilçihana dalaşgärlere täzelenen düzgünler we resminamalary resmileşdirmegiň tertibi bilen öňünden tanyşmagy maslahat berýär.
Has giňişleýin maglumat Beýik Britaniýanyň hökümetiniň resmi saýtynda ýerleşdirildi: http://gov.uk/eVisa