Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernleriniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Özbegistanyň telekeçilerine aşgarlanmadyk mata, buýan köküniň ekstrakty, portlandsement we gazbeton bloklary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 825 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 11 million 250 müň manatdan gowrak bolan polipropileni, binýatlyk ýagy (“Türkmennebit” döwlet konserni), nah ýüplügi satyn aldylar.
PDF









