11-nji dekabrda halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalara bagyşlanyp geçiriljek maslahata taýýarlyk görülýär.
Halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu abraýly guramanyň çäklerinde döwletimiz tarapyndan parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürülýän halkara başlangyçlar dünýä bileleşigi tarapyndan giňden goldanylýar hem-de BMG-niň Kararnamalarynda we beýleki resminamalarynda öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat şäherinde halkara maslahaty, Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygyny geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmegiň mümkinçilikleri, parahatçylyk babatda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ädimleri, durnukly ösüşe ýetmek üçin milli we halkara strategiýalara bitaraplyk ýörelgelerini ornaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu barada 22-nji noýabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hasabat berdi.