Şu gün, 12-nji dekabrda türkmen halky Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belleýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, dünýäniň dürli döwletleriniň Prezidentleri, Premýer-ministrleri hem-de halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin Aşgabada geldiler.

Hormatly myhmanlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karluş Manuel Wila-Nowa, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid we beýlekiler bar.

Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralar Bitaraplyk binasyna gül goýmak bilen başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de beýleki döwletleriň Baştutanlary Bitaraplyk binasyna gül goýdular, soňra Premýer-ministrler, halkara we sebit guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyň ministrlikleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtly myhmanlar hem-de ildeşlerimiz gül goýmak tertibini amala aşyrdylar.