10-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki käbir ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine döwletimiziň alyp barýan daşary we içeri syýasaty bilen bagly käbir meseleler girizildi.

Şeýlede  jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň  Bitaraplyk güniniň öň ýanynda günäsi geçildi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iş kesilen 338 raýatyň günäsini geçmek baradaky degişli Permana gol çekip, hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.